HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bir aýda türkmen-eýran serhediniň üstünden geçýän ýük ulaglarynyň möçberi 3 esse artdy

Noýabr 25, 2022 | 07:05 |5649
Türkmen ýük awtoulaglary pandemiýa sebäpli üçýyllyk arakesmeden soň, Sarahs-Sarahs serhet geçelgesinde Eýran bilen serhediň üstünden hereketi täzeden ýola goýdular. Bu hereket bolsa artýar, munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelýändigine şaýatlyk edýär.Türkmen ýük awtoulaglary pandemiýa sebäpli üçýyllyk arakesmeden soň, Sarahs-Sarahs serhet geçelgesinde Eýran bilen serhediň üstünden hereketi täzeden ýola goýdular. Bu hereket bolsa artýar, munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelýändigine şaýatlyk edýär.
Çeşme:

Türkmen ýük awtoulaglary pandemiýa sebäpli üçýyllyk arakesmeden soň, Sarahs-Sarahs serhet geçelgesinde Eýran bilen serhediň üstünden hereketi täzeden ýola goýdular. Bu hereket bolsa artýar, munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem Türkmenistan öz çäklerinden geçýän eýran ýükleriniň bir tonna-kilometri üçin 1,5 dollar möçberdäki pajy aýyrdy. Bu hem ýük akymlarynyň artmagyna ýardam etdi diýip, Iran Front Page (IFP News) täzelikler saýty habar berýär.

Eýranyň Sarahs nokadynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Hasan Nurizadeniň sözlerine görä, bu serhet geçelgesinden geçýän ýük ulaglarynyň möçberi sentýabr aýynda bir günde 200-e barabar boldy, oktýabrda bolsa 600-e ýetdi.

Ol şeýle hem bu ýük ulaglarynyň ýarysyndan gowragynyň Eýranyňkydygyny, galanlarynyň bolsa Türkiýe bilen birlikde beýleki ýurtlardan gelýändigini belledi.

2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ministrler derejesindäki ilkinji sammiti kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar üstaşyr hereketleri bir ýylda 20 million tonna ýüke çenli artdyrmak barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026