HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDG-niň çäkleri – esasy ýewraziýa söwda we üstaşyr ugurlaryny ösdürmegiň giňişligi

Noýabr 25, 2022 | 00:47 |6011
Dünýäniň syýasy giňişliginde özbaşdak düzüm hömünde Türki döwletleriň guramasynyň peýda bolmagy taryhy ähmiýete eýedir, onuň täsirli halkara düzümine öwrülmegine bolsa öňe tarap uly ymtylyş hökmünde baha berilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew “TDG-niň Samarkant sammiti: esasy netijeler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.Dünýäniň syýasy giňişliginde özbaşdak düzüm hömünde Türki döwletleriň guramasynyň peýda bolmagy taryhy ähmiýete eýedir, onuň täsirli halkara düzümine öwrülmegine bolsa öňe tarap uly ymtylyş hökmünde baha berilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew “TDG-niň Samarkant sammiti: esasy netijeler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme:

Dünýäniň syýasy giňişliginde özbaşdak düzüm hömünde Türki döwletleriň guramasynyň peýda bolmagy taryhy ähmiýete eýedir, onuň täsirli halkara düzümine öwrülmegine bolsa öňe tarap uly ymtylyş hökmünde baha berilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew “TDG-niň Samarkant sammiti: esasy netijeler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň ýanyndaky strategik sebitara barlaglar instituty tarapyndan teklip edilip geçirilen maslahat onlaýn görnüşde geçdi, Daşkentdäki Merkezi Aziýanyň halkara instituty bolsa onuň esasy meýdançasy boldy. Forumy alyp baryjylaryň hatarynda synçy ýurtlar bolan Wengriýa hem-de Türkmenistan bilen birlikde TDG sebitiniň esasy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdyrlar.

Bilermenler, ilkinji nobatda, TDG-niň ykdysady wezipesini bellediler, şol hyzmatdaşlar üçin bilelikdäki kärhanalary döretmäge ýa-da özleriniň önümçilik kuwwatlyklarynyň käbirlerini Türki döwletleriň giňişliginde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ilaty 170 milliondan gowrak bolan hem-de çäkleri 4 million inedördül kilometre barabar bolan bazardyr.

География ОТГ – пространство развития основных евразийских маршрутов торговли и транзита

Şiri Şiriýewiň pikirine görä, TDG-niň geografiýa taýdan çäkleri onuň söwda-üstaşyr mümkinçliklerini netijeli ulanmaga şert döredýär. Hut Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz ýurtlarynyň we Türkiýäniň üsti bilen uly Ýewraziýa giňişliginden Demirgazykdan Günorta hem-de Gündogardan Günbatara tarap esasy ugurlar geçer. Hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şeýle hem sarp ediji ýurtlara uglewodorod serişdelerini tiz we ykdysady taýdan bähbitli ýagdaýda geçirmäge ýardam berer.

Ýurtlary TDG-ä çekýän möhüm ýagdaýlaryň ol ýa-da beýleki ýurduň özüni beýlekilere görä agalyk ediji hökmünde görkezjek bolmagynyň, birek-birege nägilelikleriň hem-de bir-biregiň içerki işlerine gatyşmak meýilleriniň ýokdugyndan ybaratdygyny bellemän geçmek bolmaz. Tersine her döwletiň özbaşdaklygy jedelsizdir we Guramanyň ähli ýurtlary üçin mukaddesdir.

География ОТГ – пространство развития основных евразийских маршрутов торговли и транзита

Kabul edilen “Türki ählumumy garaýyş 2040” atly konsepsiýa halkara paradigmasyna doly sazlaşýar hem-de türki taslama täze kämilleşdirilen dünýä tertibiniň bir ýagdaýy hökmünde garaýar. Konsepsiýanyň awtorlary “ähli ýurtlaryň abadançylygyna” we “köptaraply gymmatlyklaryň ýaýradylmagyna” deň derejede hyzmat edýän halkara ulgamyny döretmäge çagyrýarlar. Mundan başga-da, TDG-ä gatnaşyjylar “hemmetaraplaýyn inklýuziw ählumumy dolandyryşyň ösmegine goşant goşmagy” esasy wezipeleriň biri hasaplap, şunda BMG-niň özgerdilmegini we işjeňleşmegini göz öňünde tutýarlar.

Ideologik taýdan bitaraplyk çemeleşmesi anyk ugurly taslama hökmünde TDG-niň goşmaça özüne çekijiligini şertlendirýär. Ulga, energetika, ylym we bilim, tehnologiýalar, älem giňişligi, lukmançylyk, syýahatçylyk, media, ýaşlaryň hyzmatdaşlygy -- “Türki ählumumy garaýyş 2040” Taslamasynyň uly bölegi hem bu ulgamlarda anyk özara gatnaşyk etmäge bagyşlanyldy.

География ОТГ – пространство развития основных евразийских маршрутов торговли и транзита

Türkmenistanyň synçy ýurt hökmünde TDG-ä goşulyşan pursatyndan bäri, ol Guramanyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmegiň netijeli guraly bolmagy ugrunda çykyş edýär. Bu ýörelge TDG ýurtlarynyň Samarkantda geçen sammitinde bu ýere hormatly myhman hökmünde çagyrylan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýene-de bir gezek beýan edildi.

Samarkantda owgan meselesi hem sebit howpsuzlygy babaatda özara hereket etmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn kesgitlenildi, bu bolsa TDG-ä agza ýurtlaryň käbirleriniň Owganystanyň goňşulary bolup durýandygy, olar bilen aýratyn taryhy arabaglanyşygyna hem-de kanuny bähbitlere eýedigi bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, olar hem belli bir derejede bu ýurtda bolup geçýän wakalara jogapkärçilik çekýärler.

Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna synçy hökmünde girip, söwda, ykdysady, senagat, ulag, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda TDG-niň kuwwatyny artdyrmaga işjeň ýardam berýär.

TDG-niň ýakyn geljek üçin öňde duran wezipeleriniň biri täze ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de energetika ugurlaryny kemala getirmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjy hökmündäki eýeleýän ornuny üpjün etmek üçin Guramanyň bäsleşikli artykmaçlyklaryny öz wagtynda ulanmakdan ybarat bolmalydy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026