Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda söwdalaşyklar: uçar kerosinine, dizel ýangyjyna we polipropilene isleg bildirildi

Noýabr 24, 2022 | 23:38 |3918
Çarşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda bahasy 4,3 million amerikan dollary we 4,4 million TMT bolan 9 sany geleşik baglaşyldy.Çarşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda bahasy 4,3 million amerikan dollary we 4,4 million TMT bolan 9 sany geleşik baglaşyldy.
Çeşme:

Çarşenbe güni 23-nji noýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda bahasy 4,3 million amerikan dollary we 4,4 million TMT bolan 9 sany geleşik baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçi bahasy1,9 million amerikan dollaryna barabar bolan 2000 tonna TS-1 kysymly uçar kerosinini satyn aldy we nebit önüminiň her tonnasyna 971 amerikan dollarynyteklip etdi.

Owganystandan gelen telekeçi 1,3 million tonna L-0.2-62 kysymly dizel ýangyjyny 1,3 million amerikan dollaryna satyn almak barada şertnama baglaşdy. Dizel ýangyjynyň her tonnasy üçin baha 867,25 amerikan dollary diýlip kesgitlendi.

Owganystanly işewür toparlarynyň wekilleri söwdalaşyklarda bahasy 889 000 amerikan dollary bolan 700 tonna TPP D382BF kysymly polipropilenisatyn aldylar we önümiň her tonnasy üçin 1270 amerikan dollar bolan bahany teklip etdiler.

Gyrgyzystan gelen telekeçi söwdalaşyklarda bahasy 126,5 müň amerikan dollaryna barabar bolan 23 müň kg bir reňkli dokma önümlerini satyn aldy.

Türkiýeden gelen telekeçiler bahasy 4,4 million manada barabar bolan jemi 117 müň tonna nahýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlarbilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlaýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlaýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy baradabildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyňarhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026