HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara berilýän sosial tölegler baradaky döwlet býujetiniňmaddalaryna täzeden garamagy teklip etdi

Noýabr 24, 2022 | 23:34 |3545
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetinde ýaşlary maliýeleşdirmek we ýeňillikler bilen üpjün etmek hakyndaky maddalaratäzeden garamagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyňzerurdygy barada aýtdy.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetinde ýaşlary maliýeleşdirmek we ýeňillikler bilen üpjün etmek hakyndaky maddalaratäzeden garamagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyňzerurdygy barada aýtdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetinde ýaşlary maliýeleşdirmek we ýeňillikler bilen üpjün etmek hakyndaky maddalaratäzeden garamagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyňzerurdygy barada aýtdy.

Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň (Milli geňeşiň Halk Maslahatynyň) mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.

Ýaşlar syýasatynyň meselelerine garap, ýokarky palatanyň Başlygy 2023-nji ýylda Türkmenistanda 11sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň, 8 sany orta mekdebiň, 1 sany ýokary okuw mekdebininiň we 1 sany teatryň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Şol işleri durmuşa geçirmek üçin ýeterlik serişdäniň bölünip berlendigini ýa-da ýokdugyny kesgitlemegiňzerurdygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ylym we bilimi ösdürmegiň örän möhümdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Ylymlar akademiýasynyň maliýeleşdirilmegi, hususan-da, senagat maksatlary üçin ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ykdysady täsirleri bolan açyşlaryň ýokdugy barada hem aýdyldy.

«Näme üçin beýle bolýar? Türkmen alymlarynyň we ýaşlarynyň düşünjeleriniň ýeten derejesi haýsy ýurduňkydan pes?» — diýip, Milli Geňeşiň ýokarky palatasynyň Başlygy ýurduň köp zady başarýan ýokary bilimli ýaşlarynyň bardygyny belläp, sözüni dowam etdirdi. Ýaşlary goldamak we degişli ugra gönükdirmek — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipesi bolmalydyr.

ORIENT news
Surat redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026