HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýadan ýüzden gowrak ýaşlaryň wekiliýeti Hindistana geldi

Noýabr 23, 2022 | 14:54 |3587
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 100-den gowrak adamdan ybarat bolan ýaşlaryň wekiliýeti 17-23-nji noýabr aralygynda Hindistanda saparda boldular. Saparyň maksady ýaşlary Hindistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Bu barada ANI agentligi habar berýär.Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 100-den gowrak adamdan ybarat bolan ýaşlaryň wekiliýeti 17-23-nji noýabr aralygynda Hindistanda saparda boldular. Saparyň maksady ýaşlary Hindistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Bu barada ANI agentligi habar berýär.
Çeşme: twitter.com / @ANI

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 100-den gowrak adamdan ybarat bolan ýaşlaryň wekiliýeti 17-23-nji noýabr aralygynda Hindistanda saparda boldular. Saparyň maksady ýaşlary Hindistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Bu barada ANI agentligi habar berýär.

Wekiller Hindistanyň dürli täsin ýerlerine baryp gördüler, şeýle hem ýurduň käbir sebitleriniň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldular, bu şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen «Hindistan - Merkezi Aziýa» sammitiniň çäginde gazanylan şertnama arkaly mümkin boldy.

Kärdeşler arkalaşygynyň ministri Anurag Thaur sişenbe güni ýaşlar wekiliýetini kabul etdi. Gala agşamynda ýaşlar wekiliýeti Bolliwudyň köne aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Anurag Takur bu çykyşa ýokary baha berdi we Hindistanyň kino sungatynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynda uly täsir galdyrandygyny aýratyn belledi.

«Bolliwudyň köne aýdymlaryna tans etmekleri we olaryň hindi saz gurallaryny çalmaklarynyň özi Hindistanyň Merkezi Aziýada ýüreklere nähili täsir edýändigini aýdyň görkezýär. Bu Hindistan bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň geljegini görkezýär. Bu gatnaşyklar sungat we medeniýet, söwda we beýleki ugurlar bilen hem baglanyşyklydyr» — diýip, Takur belleýär.

Şeýle hem halkara ýaşlar alyş-çalyş maksatnamasynyň hoşniýetlilik we sagdyn gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.

ORIENT news
Surat: twitter.com / @ANI

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026