HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan we Gruziýa Hazar sebitinde suwuklandyrylan tebigy gaz terminalyny gurmak baradaky taslama täzeden girişýärler

Noýabr 23, 2022 | 21:44 |6261
Azerbaýjan we Gruziýa Ýewropa Birleşiginiň ýurtlaryna eksporty artdyrmak  maksady bilen, suwuklandyrylan tebigy gazyň terminalyny gurmak baradaky taslama täzeden girişýärler. Bu barada ТАСС agentligi habar berýär.Azerbaýjan we Gruziýa Ýewropa Birleşiginiň ýurtlaryna eksporty artdyrmak  maksady bilen, suwuklandyrylan tebigy gazyň terminalyny gurmak baradaky taslama täzeden girişýärler. Bu barada ТАСС agentligi habar berýär.
Çeşme:

Azerbaýjan we Gruziýa Ýewropa Birleşiginiň ýurtlaryna eksporty artdyrmak maksady bilen, suwuklandyrylan tebigy gazyň terminalyny gurmak baradaky taslama täzeden girişýärler. Bu barada ТАСС agentligi habar berýär.

2015-nji ýylda doly tamamlanmadyk bu taslama, Hazar deňzi sebitinden tebigy gazy çykarmak we ony soňra Gruziýanyň çäginde suwuklandyryp, Ýewropa sebitine degişli bolan döwletlere — Wengriýa, Rumyniýa, şeýle hem Günbatar Ýewropa döwletlerine eksport etmek niýetlenendir.

«Gynansak-da, bu taslama togtadylypdy ... Muňa garamazdan, häzirki wakalara esaslanyp, Ýewropanyň gaz üpjünçiligi boýunça alternatiw çeşmeleri bilen gyzyklanýan döwründe, ähli ýurtlar energiýa göterijilerini ibermegi diwersifikasiýa etmek barada pikir alyşýarlar, bu bolsa bu taslamanyň şu ýyl üçin örän möhümdigini äşgär edýär» – diýip, Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili belläp geçýär.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Gruziýanyň prezidenti Salome Zurabişwiliniň arasyndaky gepleşikleriň esasy özeni bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly bolandygy ozal mälim edilipdi.

Bu taslama Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasy, Azerbaýjanyň «SOCAR» Döwlet nebit kompaniýasy, şeýle hem rumyn we wenger hyzmatdaşlary gatnaşarlar. Şol bir wagtyň özünde, mundan ozal Azerbaýjan we Rumyniýa hem Gara deňizdäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, suwuklandyrylan gaz terminallarynyň toplumyny gurmak barada ylalaşypdylar.

Gara deňziň we Hazar deňziniň üsti bilen energiýa üpjünçiliginiň güýçlendirilmegi Ýewropanyň energiýa bazarynyň diwersifikasiýasyna uly goşant goşar we degişli ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine täze itergi berer.

ORIENT news
Surat: www.autoparus.by

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026