STADA hatsyz goýberilýän belli dermanlaryny Türkmenistana gönümel ibermegi niýet edýär


Derman serişdelerini öndürýän STADA halkara kompaniýasy we Fransiýanyň Sanofi kompaniýasy 2023-nji ýylyň aprelinden başlap, Ýewraziýa sebitiniň 10 ýurdunda hatsyz goýberilýän belli dermanlaryny ibermek barada şertnama baglaşdy. Bu barada STADA kompaniýasynyň metbugat habarynda aýdylýar.
STADA Sanofi kompaniýasynyň derman önümlerini Türkmenistana, Azerbaýjana, Ermenistana, Belarusa, Gruziýa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Mongoliýa, Täjigistana we Özbegistana araçyl ýurtlarsyz gönümel üpjün etmegi meýilleşdirýär.
Hatsyz goýberilýän dermanlaryň hatarynda sebitde belli bolan we ozal giňden ýaýran agyra garşy, bejeriş häsiýetli, çişme kesellerine garşy, şeýle hem spazmlara, kömelek döremelerine we allergiýa garşy ulanylýan derman serişdelerini öz içine alar.
«Bu hyzmatdaşlyk STADA kompaniýasyny hiç bir päsgelçiliksiz „Ýewraziýa“ sebitinde SNS segmentiniň (bellik: hatsyz goýberilýän dermanlar) öňdebaryjysy bolmagyna esas döredýär. Dermanhanalar we sarp edijiler üçin bu düzüm segmentinde esasy hyzmatdaşlaryň biri bolmak biziň üçin uly mertebedir» - diýip, STADA-nyň wise-prezidenti Arminas Makewiçus belläp geçdi.
STADA bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşmagy we media meýilnamalaşdyryşy öz içine alýan ýerli bazardaky işleri alyp barar. STADA-nyň Ýewraziýa sebiti boýunça baş edarasy Almatada ýerleşmek bilen, STADA kompaniýasynyň toparynyň «ýewropa bazarlary» düzüminiň bir bölegi bolmagynda galar.
Ýewropadaky Sanofi komaniýasynyň saglygy goraýyş sarp ediş önümleri boýunça direktory Pol Martingell: «STADA bilen hyzmatdaşlygymyz arkaly Ýewraziýadaky müşderiler we sarp edijiler bilen aragatnaşygymyzyň dowam edýändigine örän begenýäris. Munuň bize güýçli önümçiligi gurmagy dowam etdirmäge we sebitdäki sarp edijileri özümiziň ynamdar brend önümlerimiz bilen üpjün etmäge mümkinçilik döredýär» – diýip, belleýär.
ORIENT news
Surat: pharmaceutical-technology.com








