BAE türkmen ykdysadyýetine maýa goýum goýmaga we bilelikdäki banky döretmegä uly gyzyklanma bildirýär


Abu Dabiniň Ösüş gaznasy Türkmenistanyň gaz-himiýa senagatyna, ulag we logistika pudagyna maýa goýum goýmaga örän uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada TDH agentligi türkmen wekiliýetiniň gaznanyň wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinden soňra habar berýär.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy maksadyTürkmenistanda amatly maýa goýum şertlerini döretmek we maýa goýum pudagynda işlemek, şeýle hem bilelikdäki önümçiligi ösdürmek bilen bagly meselelerden ybarat boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýan bilen geçirilen duşuşygynyň dowamynda bilelikdäki banky we iki ýurduň çäginde onuň wekilçilikli edaralaryny döretmek barada teklipler berildi. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow munuň üçin ähli zerur mümkinçilikleriň dörediljekdigini belledi.
Ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannamada nebit we gaz pudagy, nebiti gaýtadan işlemek, himiýa senagaty we gaýtadan dikeldilýän energiýa ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki tagallalary artdyrmak maksatlaryöz beýanyny tapdy.
ORIENT news
Surat: www.nachedeu.com








