Uçuşa gelmezlik ýa-da uçar gatnadyjysynyň hyzmatediş şertleriniň beýleki bozulmalary üçin nähili çäreler görlüp bilner?


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynyň ýolagçylary şulary bilmedirler: ýolagçynyň uçuşa gelmedigi, uçuşdan ýüz dönderendigi we käbir beýleki hereketleri üçin uçargatnadyjysy tarapyndan töleg (jerime) töledilýändir.
Awiakompaniýa häzirki nyrhlaryny we olardan peýdalanmagyň şertlerini resmi saýtynda çap etdi. ORIENT resminamanyň şertleriniň sada dildäki düşündirişini Siziň dykkatyňyza ýetirýär.
Uçuşa gelmezlik
Eger siz uçuşa gelmedik we uçar gatnadyjysyna öňünden duýdurmadyk bolsaňyz, onda jerimäniň mukdary 100 amerikan dollary bolar.
Eger siz uçuşyň hasaba alşyna uçaryň uçmagyna 60 minut galandan giç gelseňiz, onda bu uçuşa gelmedik diýip hasap edilýär.
Uçuşdan ýüz dönderileni üçin jerime alynmaýanhalatlary
Jerime salynmazlygy üçin, uçuşdan dönderilendigibarada awiakompaniýa** uçuş wagtyndan azyndan 3 gün (72 sagat) öňünden habar bermeli.
Şunuň ýaly halatda bileti yzyna gaýtaryp, awiakompaniýadan satyn alnan bilet üçin tölän puluňyzy yzyna alyp bolýar.
Eger-de 3 günden az wagtda uçuşdan ýüz dönderen ýagdaýyňyzda nähili jerime tölemeli bolarsyňyz
Eger bileti yzyna gaýtarmak maksady bilen awiakompaniýa ýüz tutulan halatynda:
- uçulmazdan 2 günden (48 sagat) gijä galyp, biletiňbahasynyň 90%-ini yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz,
- uçulmazdan 1 gün (24 sagat) gijä galyp, biletiň bahasynyň 85%-ini yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz,
- uçulmazdan 1 günden (24 sagatdan) gijä galman, biletiň bahasynyň 75%-ini yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz.
Uçuşyň senesiniň üýtgedileni üçin awiakompaniýa näçe töleg tölemeli bolar
Eger uçuşyň senesini azyndan 3 gün (72 sagat) öňünden üýtgetmek üçin awiakompaniýa ýüz tutan ýagdaýyňyzda, size hiç hili jerime salynmaýar.
Uçuşyň senesini üýtgetmek üçin uçar gatnadyjysyna ýüz tutulan halatynda:
- uçulmazdan azyndan 2 gün (48 sagat) öň, biletiňbahasynyň 10% barabar bolan goşmaça tölegi tölemeli,
- uçulmazdan azyndan 1 gün (24 sagat), biletiňbahasynyň 15% barabar bolan goşmaça tölegi tölemeli,
- uçulmazdan 1 günden (24 sagatdan) gijä galynan halatynda, biletiň bahasynyň 20% barabar bolan goşmaça tölegi tölemeli.
Ýokardaky jerimeler ulular bilen barýan orunsyz çagalara degişli däldir.
ORIENT
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








