HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Uçuşa gelmezlik ýa-da uçar gatnadyjysynyň hyzmatediş şertleriniň beýleki bozulmalary üçin nähili çäreler görlüp bilner?

Noýabr 22, 2022 | 16:15 |9716
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynyň ýolagçylary şulary bilmedirler: ýolagçynyň uçuşa gelmedigi, uçuşdan ýüz dönderendigi we käbir beýleki hereketleri üçin uçargatnadyjysy tarapyndan töleg (jerime) töledilýändir.«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynyň ýolagçylary şulary bilmedirler: ýolagçynyň uçuşa gelmedigi, uçuşdan ýüz dönderendigi we käbir beýleki hereketleri üçin uçargatnadyjysy tarapyndan töleg (jerime) töledilýändir.
Çeşme:

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynyň ýolagçylary şulary bilmedirler: ýolagçynyň uçuşa gelmedigi, uçuşdan ýüz dönderendigi we käbir beýleki hereketleri üçin uçargatnadyjysy tarapyndan töleg (jerime) töledilýändir.

Awiakompaniýa häzirki nyrhlaryny we olardan peýdalanmagyň şertlerini resmi saýtynda çap etdi. ORIENT resminamanyň şertleriniň sada dildäki düşündirişini Siziň dykkatyňyza ýetirýär.

Uçuşa gelmezlik

Eger siz uçuşa gelmedik we uçar gatnadyjysyna öňünden duýdurmadyk bolsaňyz, onda jerimäniň mukdary 100 amerikan dollary bolar.

Eger siz uçuşyň hasaba alşyna uçaryň uçmagyna 60 minut galandan giç gelseňiz, onda bu uçuşa gelmedik diýip hasap edilýär.

Uçuşdan ýüz dönderileni üçin jerime alynmaýanhalatlary

Jerime salynmazlygy üçin, uçuşdan dönderilendigibarada awiakompaniýa** uçuş wagtyndan azyndan 3 gün (72 sagat) öňünden habar bermeli.

Şunuň ýaly halatda bileti yzyna gaýtaryp, awiakompaniýadan satyn alnan bilet üçin tölän puluňyzy yzyna alyp bolýar.

Eger-de 3 günden az wagtda uçuşdan ýüz dönderen ýagdaýyňyzda nähili jerime tölemeli bolarsyňyz

Eger bileti yzyna gaýtarmak maksady bilen awiakompaniýa ýüz tutulan halatynda:

  • uçulmazdan 2 günden (48 sagat) gijä galyp, biletiňbahasynyň 90%-ini yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz,
    - uçulmazdan 1 gün (24 sagat) gijä galyp, biletiň bahasynyň 85%-ini yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz,
    - uçulmazdan 1 günden (24 sagatdan) gijä galman, biletiň bahasynyň 75%-ini yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz.

Uçuşyň senesiniň üýtgedileni üçin awiakompaniýa näçe töleg tölemeli bolar

Eger uçuşyň senesini azyndan 3 gün (72 sagat) öňünden üýtgetmek üçin awiakompaniýa ýüz tutan ýagdaýyňyzda, size hiç hili jerime salynmaýar.

Uçuşyň senesini üýtgetmek üçin uçar gatnadyjysyna ýüz tutulan halatynda:

  • uçulmazdan azyndan 2 gün (48 sagat) öň, biletiňbahasynyň 10% barabar bolan goşmaça tölegi tölemeli,
    - uçulmazdan azyndan 1 gün (24 sagat), biletiňbahasynyň 15% barabar bolan goşmaça tölegi tölemeli,
    - uçulmazdan 1 günden (24 sagatdan) gijä galynan halatynda, biletiň bahasynyň 20% barabar bolan goşmaça tölegi tölemeli.

Ýokardaky jerimeler ulular bilen barýan orunsyz çagalara degişli däldir.

ORIENT
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026