HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasy birnäçe kanunlary makullady

Noýabr 21, 2022 | 21:35 |5693
TDH habar gullugynyň habar bermegine görä, türkmen parlamentiniň ýokarky palatasy birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen kanunlar birnäçesini biragyzdan makullady.TDH habar gullugynyň habar bermegine görä, türkmen parlamentiniň ýokarky palatasy birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen kanunlar birnäçesini biragyzdan makullady.
Çeşme:

TDH habar gullugynyň habar bermegine görä, türkmen parlamentiniň ýokarky palatasy birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen kanunlar birnäçesini biragyzdan makullady.

Halk Maslahatynyň agzalary parlamentiň aşaky palatasy — Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlara, şol sanda Türkmenistanyň aşakdaky kanunlary üçin ses berdiler:

-Notariat we notarial işi hakynda,
-Sirk we sirk sungaty hakynda,
-Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda,
-ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda,
-Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda.

Duşuşykda “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Goranmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” we şol sanda hereket edýän kanunçylygy gowulandyrmak baradaky resminamalara garaldy.

Kanunlar biragyzdan goldanyldy we degişli Kararlar bilen berkidildi.

ORIENT news
Surat: gozle.com.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026