HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda söwdalaşyklar: uçar kerosini, dizel ýangyjy we nah ýüplügi eksport edilýär

Noýabr 21, 2022 | 21:15 |6381
19-njy noýabrda şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda bahasy 9,5 million amerikan dollary we 666,7 müň TMT bolan 6 sany geleşik baglaşyldy.19-njy noýabrda şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda bahasy 9,5 million amerikan dollary we 666,7 müň TMT bolan 6 sany geleşik baglaşyldy.
Çeşme:

19-njy noýabrda şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda bahasy 9,5 million amerikan dollary we 666,7 müň TMT bolan 6 sany geleşik baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçi 2380 tonna TS-1 kysymly uçar kerosinini satyn aldy we her tonnasyna 970 amerikan dollaryny teklip etdi. Geleşigiň umumy mukdary 2,3 million dollardan geçdi.

Owganystanyň wekili 7,5 müň tonna gidrotrizlenen dizel ýangyjyny satyn almak barada her tonnasy üçin bahasy 970 amerikan dollary bolan şertnama baglaşdy. Eksport edilen önümleriň jemi mukdary 7,2 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Türkiýeden gelen telekeçi söwdalaşyklarda jemi bahasy 666,7 müň TMT bolan 273 müň kg nahýüplügini satyn aldy.

Söwdalaşyklara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen şu salgy boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16;00-da, şenbe güni sagat 11:30-dabaşlaýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy uşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-dabaşlaýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026