HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly kinorežissýorlar bäşinji Ýewraziýa kinofestiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar

Noýabr 22, 2022 | 14:40 |5659
2023-nji ýylyň 25-31-nji maýynda Londonda geçiriljek (Eurasian Creative Guild Film Festival) bäşinji Ýewraziýa kinofestiwalyna gatnaşmaga işleg bildirýänler üçin açyk diýlip yglan edildi. Festiwal her ýyl geçirilýär we ol iňlis dili ýörgünli bolan ýurtlardaÝewraziýanyň kino sungatyny dünýä tanatmagymaksat edinýär.2023-nji ýylyň 25-31-nji maýynda Londonda geçiriljek (Eurasian Creative Guild Film Festival) bäşinji Ýewraziýa kinofestiwalyna gatnaşmaga işleg bildirýänler üçin açyk diýlip yglan edildi. Festiwal her ýyl geçirilýär we ol iňlis dili ýörgünli bolan ýurtlardaÝewraziýanyň kino sungatyny dünýä tanatmagymaksat edinýär.
Çeşme:

2023-nji ýylyň 25-31-nji maýynda Londonda geçiriljek (Eurasian Creative Guild Film Festival) bäşinji Ýewraziýa kinofestiwalyna gatnaşmaga işleg bildirýänler üçin açyk diýlip yglan edildi. Festiwal her ýyl geçirilýär we ol iňlis dili ýörgünli bolan ýurtlardaÝewraziýanyň kino sungatyny dünýä tanatmagymaksat edinýär.

Festiwala çeper filmler, gysgametražly filmler, dokumental we animasiýa filmleri, kitaplar bilentanyşdyrylyş sergileri, kitaplaryň treýlerleri, ssenariýalar, aýdym-saz klipleri we ykjam wideoşekiller hödürlenip bilner.

Şunda festiwala gatnaşdyrlýan eser ozal Beýik Britaniýada görkezilmedik iş bolmalydygy möhümähmiýete eýedir. Bäsleşigiň şertlerine görä, filmler iňlis dilinde görkezilmeli, iňlis dilinden başga dillerdäki filmleriň ýazgyly subtitrleri bolmaly ýa-da iňlis diline sinhron terjimesi bilen üpjün edilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazylyşyk şu platforma arkaly kabul edilýär FilmFreeway we ýeňiji özüniň filmini Londonyň merkezinde görkezmäge mümkinçilik gazanar.

Festiwal her ýyl gatnaşyjylara ýatdan çykmajak pursatlary, täze tanyşlary we döredijilik adamlary bilen janly aragatnaşyk açmaga mümkinçilik döredýär. 4 ýyldan bäri Ýewraziýa film festiwaly dünýäniň 24 döwletinden 150-den gowrak filmi ýygnamagy başardy.

Goşmaça soraglar üçin şu elektron poçta arkaly habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris: info@eurasianfilmf festival.uk

ORIENT news
Surat: gazeta.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026