HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID sebitleýin söwda ýeňilleşdirmek boýunça geňeşçiniň iş ornunyň bardygyny habar berýär

Noýabr 19, 2022 | 14:47 |5378
USAID DAI kompaniýasy bilen bilelikde TCA (Merkezi Aziýada söwda) başlangyjynyň çäklerinde Sebitleýin söwdany ýeňilleşdirmek boýunçaGeňeşçiniň iş ornunyň bardygyny habar berýär.USAID DAI kompaniýasy bilen bilelikde TCA (Merkezi Aziýada söwda) başlangyjynyň çäklerinde Sebitleýin söwdany ýeňilleşdirmek boýunçaGeňeşçiniň iş ornunyň bardygyny habar berýär.
Çeşme: tm.usembassy.gov

USAID DAI kompaniýasy bilen bilelikde TCA (Merkezi Aziýada söwda) başlangyjynyň çäklerinde Sebitleýin söwdany ýeňilleşdirmek boýunçaGeňeşçiniň iş ornunyň bardygyny habar berýär.

Geňeşçiniň wezipeleri her ýylky iş meýilnamasyny düzmek we durmuşa geçirmek, USAID we milli hyzmatdaşlar bilen maslahatlaşmak, çäreleri, prezentasiýalary, okuwlary we ösüş hasabatlaryny taýýarlamak, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda iş saparlarynda bolmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Dalaşgärler üçin bildirilýän talaplar:

-Ozalky Sowet Soýuzynyň düzümine giren ýurtlarda (esasan hem, Merkezi Aziýa döwletlerinde) donorlar tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalar üçin söwdany ýeňilleşdirmek boýunça işlerde 10 ýa-da ondan köp ýyllyk tejribesi bolan,
-öňki SSSR-iň ýurtlarynda söwda we hususy pudagyň meselelerine oňat düşünýän we bu meseleleri çözmäge gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek,
-bellenen wagta çenli oňyn netijeleri gazanmak,
-işgärleri dolandyrmak, býujeti işläp düzmek we iş meýilnamasyny dolandyrmak tejribesi bolmaly,
-Merkezi Aziýada jemgyýetçilik syýasatyny ösdürmek işi barada habarly bolmaly,
-hem dilden hem-de ýazuwdan rus we iňlis dillerinden oňat bilýän bolmaly.

Dalaşgärleriň talaplary we jogapkärçiligi, şeýle hem taslamanyň özi barada has giňişleýin maglumatlary resmi bildirişdentapyp bilersiňiz. Resminama iňlis dilinde ýazylandyr.

Gyzyklanýan dalaşgärler öz terjimehalynyTCA_Recruitment@dai.com e-poçta salgysyna iberip bilerler. Hatyň mowzugynda, dalaş edilýän wezipe hemgörkezilmelidir – Regional Trade Facilitation Advisor (Sebit söwdasyny ýeňilleşdirmek boýunça Geňeşçi). Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti – 2022-nji ýylyň 25-nji noýabry.

ORIENT news
Surat: tm.usembassy.gov

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026