HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB MA ýurtlaryna Russiýadan ýa-da Hytaýdan has köp maýa goýar diýip Borrel aýtdy we ýene-de 300 milion ýewro wada berdi

Noýabr 19, 2022 | 08:16 |10541
Türkmenistanyň wekiliýeti anna güni Samarkantda geçirilen Ýewropa Bileleleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşyklylyk: Global Gateway boýunça maslahata gatnaşdy.Türkmenistanyň wekiliýeti anna güni Samarkantda geçirilen Ýewropa Bileleleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşyklylyk: Global Gateway boýunça maslahata gatnaşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň wekiliýeti anna güni Samarkantda geçirilen Ýewropa Bileleleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşyklylyk: Global Gateway boýunça maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň maksady 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe girizilen Global Gateway Ýewropa strategiýasyna laýyklykda sebitiň içindäki we sebitara gatnaşyklary ösdürmekden hem-de Team Europe-niň başlangyçlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

“Biziň Global Gateway diýip atlandyrýanymyz ählumumy derejede ýaşyl we sanly ulgama geçmegi öňe ilerletmäge niýetlenendir – diýip ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa toparynyň wise prezidenti Žozep Borrel aýtdy. – Biz munuň üçin iş ýüzünde bar bolan hemme serişdelerimizi ulanýarys hem-de Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň, ÝB-e agza döwletleriniň, maliýe institutlarynyň tagallalaryny we Ýewropanyň işewür jemgyýetçiliginiň kuwwatyny birleşdirýäris”.

ÝB-niň ýokary wekiliniň belleýşi ýaly, göni maýa goýumlaryny goýmagyň dünýäde ilkinji çeşmesi hem-de Merkezi Aziýada iň iri maýadar bolup durýar. Soňky 10 ýylda ÝB-e agza döwletler Merkezi Aziýa ýurtlaryna 105 milliard ýewrodan gowrak serişdäni ýa-da ABŞ-nyň 121,3 milliard dollaryny maýa goýdy, bu bolsa sebitde göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy möçberinden 40% ýokarydyr.

Делегация Туркменистана приняла участие в Конференции по взаимосвязанности между Европейским союзом и Центральной Азией

“Hawa, ÝB sebite Russiýadan hem köp, Hytaýdan hem köp maýa goýýar – diýip, Borrel aýtdy. – Şoňa görä-de biz ýene-de has köp iş etmäge taýýar: ýakyn, geljek dört ýylda biz ikitaraplaýyn taslamalara bolşy ýaly, sebitleýin taslamalara hem grant görnüşinde 300 million ýewro bölüp berdik”.

Ol şeýle hem Team Europe-nyň başlangyçlarynyň işe girizilendigini belledi. Şolaryň biri – suw, energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça bolup – suw hem-de energetika serişdeleri durnukly dolandyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýardam eder. Beýlekisi – sanly aragatnaşyk boýunça bolup, Merkezi Aziýanyň hemra aragatnaşygy arkaly ählumumy internete elýeterliligini giňelder.

ÝAÖB-niň prezidenti Odil Reno-Basso we Ýewropa maýa goýum bankynyň prezidenti Tereza Çerwinskaýa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hasabatlar dilen çykyş etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistan Gaagadaky ÝHHG-niň PA-nyň mejlisinde parlament diplomatiýasyny öňe sürýär

Türkmenistan Gaagadaky ÝHHG-niň PA-nyň mejlisinde parlament diplomatiýasyny öňe sürýär

17:45 Iýul 10, 2026
IBIA EXPO 2026: Stambulda düşek öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar we toplum bölekleri görkeziler

IBIA EXPO 2026: Stambulda düşek öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar we toplum bölekleri görkeziler

17:41 Iýul 10, 2026
Belarus bilen Özbegistan oba hojalygynda we dokma pudagynda täze bilelikdäki taslamalary işe girizdiler

Belarus bilen Özbegistan oba hojalygynda we dokma pudagynda täze bilelikdäki taslamalary işe girizdiler

16:40 Iýul 10, 2026