HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Noýabr 18, 2022 | 23:42 |7466
Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentopuň baştutanlygyndaky wekiliýetini kabul etdi.Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentopuň baştutanlygyndaky wekiliýetini kabul etdi.
Çeşme:

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentopuň baştutanlygyndaky wekiliýetini kabul etdi.

Mustafa Şentop türkmen Liderine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdoganyň adyndan salam aýdyp, dost-doganlyk ýurda bolan şu saparyna kanagatlandyrma bildirdi diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.

Parlamentiň ýolbaşçysy şu ýyl türkmen-türk diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi hem-de Ankaranyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny düýnäde ilkinji bolup ykrar edendigine buýsanýandygyny aýtdy.

Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň (Parlamentiň ýokary palatasy) Başlygy Gurbangly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandyna ýokary baha berdi. Ol Ankaranyň we Aşgabadyň gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ähli halkara derejelerinde öňe sürýän başlangyçlaryny hem-de eýerýän ýörelgelerini Türkiýäniň mundan beýläk-de goldamagy dowam etjekdigine ynandyrdy.

Mustafa Şentop iki ýurduň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, tiz wagtda haryt dolanyşygynyň 5 milliard dollar derejesine ýetjekdigine ynam bildirdi hem-de energetika ulgamynda, şol sanda Hazar deňziniň üsti bilen günbataryň bazarlaryna gazy eksport etmek babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge Türkiýäniň taýýardygyny belledi.

Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem şol gün Mustafa Şentop Türkmenistanyň parlamentinde çykyş etdi.

“Halkara hopwuzlygyny, gülläp ösüşi we parahatçylygy üpjün etmek boýunça öz üstüne borçnamalary alan hem-de mynasyp derejede ýerine ýetirmegi maksat edinýän biziň ýurtlarymyzyň agzybirligi diňe sebitiň däl, eýsem tutuş dünýäniň howpsuzlygyna we durnuklylygyna hemişe ýardam eder” diýip, neşir onuň aýdan sözlerini getirýär.

Şentop türki dünýäsiniň ählumymy geosyýasatyň merkezine öwürlendigini nygtap, iki ýurduň Parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem wajypdygyny aýtdy.

ORIENT news
Foto: aa.com.tr

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026