Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-Rus uniwersiteti tehniki ugurlar boýunça hünärmenleri we lukmanlary taýýarlar

Noýabr 18, 2022 | 22:10 |5128
Türkmenistan Aşgabatda döredilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-rus uniwersitetinde tehniki we lukmançylyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi saýtynda Türkmen-Rus hökümetara toparynyň mejlisinden soň habar berdi.Türkmenistan Aşgabatda döredilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-rus uniwersitetinde tehniki we lukmançylyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi saýtynda Türkmen-Rus hökümetara toparynyň mejlisinden soň habar berdi.
Çeşme:

Türkmenistan Aşgabatda döredilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-rus uniwersitetinde tehniki we lukmançylyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi saýtynda Türkmen-Rus hökümetara toparynyň mejlisinden soň habar berdi.

Uniwersitetiň döredilmegi we şertleri barada hökümetara şertnamanyň deslapky taslamasy taýýarlandy. Bu bilelikde döredilýän uniwersitetiň başlangyç tapgyrynda iki tarapdan utgaşdyryjy ýokary okuw mekdepleri bellemek maksat edinilýär.

Täze uniwersitetdäki bilim maksatnamalarynyň rus standartlaryna laýyklykda durmuşa geçiriljekdigi sebäpli RF-nyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan hünärleriň we ýokary bilim derejeleriniň sanawy Türkmenistandaky kärdeşlerine gowşuryldy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanly dalaşgärleriň Russiýanyň uniwersitetlerinde bilim almagy barada hem pikir alyşdylar.

Russiýanyň hökümeti her ýyl türkmen dalaşgärleriň bilim almagy üçin belli bir mukdar bölüp berýär. 2022/23-nji okuw ýyly üçin jemi 250 sany orun berildi we geljekki ýyl üçin hem şol bir orun sanynyň berilmegi meýilleşdirilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Natalýa Boçarowa öz çykyşynda Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň Russiýanyň uniwersitetlerine okuwa girmek üçin Türkmenistanly dalaşgärleriň sanyny artdyrmak mümkinçiligine ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news
Surat: redaksiýa arhiwi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026