Türkmenbaşydan Baku şäherine ýolagçy biletlerini onlaýn satyn alyp bolýar


"Deňiz söwda floty" paýdarlar jemgyýeti özüniň resmi web sahypasynda Ro-Pax kysymly amatly ýolagçy parom gämilerde Türkmenbaşy - Baku - Türkmenbaşy ugry boýunça biletleriň onlaýn satuw hyzmatynyň bardygyny habar berdi mmf.com.tm.
Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we daşky gurşawa we hil taýdan halkara ülňülerine laýyk gelýän "Berkarar" we "Bagtyýar" parom gämileri halkara ugry boýunça ýolagçylaryň we ulaglaryň deňiz gatnawlaryny yzygiderli dowam etdirýär.

Parom gämileriniň her biri 54 sany ulag serişdesini we 200 ýolagçyny ýerleşdirmek bilen, olaryň hersiniň 4 sany kaşaň kabinasy, 30 sany adaty kabinalary we 136 sany oturylýan ýerleri bar. Gäminiň bortunda ýolagçylara hyzmat edýän restoran ýa-da kafe bar, şol ýerdäki dükanda söwda etmek ýa-da Hazar deňziniň ajaýyp görnüşlerinden lezzet alyp, rahat oturgyçlarda dynç almak üçin hem ähli amatly şertler döredilendir.
Gämilerde oýun meýdançalary, lukmançylyk merkezi we beýleki hyzmat ediş merkezleri bar. Biletleriň bahasy synpyna baglylykda 1200-den 2200 manada çenli tapawutlanýar. Syýahatyň dowamlylygy takmynan 12-14 sagat. Mundan başga-da, flotyň web sahypasynyň üsti bilen gäminiň tertipnamasy, geliş we gidiş wagtlary barada maglumatlary öz içine alýan SMS arkaly habar almak mümkinçiliginden peýdalanyp bolýar.
Şeýle hem "Deňiz söwda floty" paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy - Gyzylsuw adasy ugry boýunça ýolagçy deňiz gatnawy üçin biletleriň onlaýn satuwyny açdy. Bu deňiz gatnawy 320 adama niýetlenen “Çarlak” ýolagçy parom gämisi tarapyndan amala aşyrylýar.

Gämi her gün sagat 11:00-da Türkmenbaşy şäheriniň ýolagçy deňiz menzilinden we Gyzylsuw şäherçesiniň deňiz menzilinden 13:00-da ugraýar. Deňiz gatnawy üçin biletleri flotuň resmi web sahypasyndan, şeýle hem «Deňiz söwda flotunyň» kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 243 49618.
ORIENT news
Surat “Turkmendenizderýaýollary” tarapyndan berlen








