GDA-nyň mekdep okuwçylary Russiýa Federasiýasynyň rus dili we medeniýeti boýunça onlaýn okuw sapaklaryna gatnaşmaga çagyryldy


17-nji noýabrdan GDA ýurtlaryndan 11 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary «Bilim we ylym» baradaky innowasiýa maksatnamalaryny goldaw gaznasynyň esasynda rus dili, taryh we medeniýetboýunça açyk tölegsiz onlaýn okuw sapaklaryna gatnaşyp bilerler.
Taslamanyň maksady mekdep okuwçylarynyň dil bilişleriniň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem taryh, edebiýat we medeni bilimler ýaly ugurlarda başarnyklary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu başlangyç 20 kursy öz içine alýar we ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Bu barada GDA-nyň resmi internet portaly habar berýär.
Häzirki wagtda GDA ýurtlarynda bir milliondan gowrak okuwçy we 4,1 million mekdep okuwçysy rus dilinde bilim alýar. Daşary ýurt raýatlary üçin rus dilinde bilim taslamalaryna bolan islegiň artmagy sebäpli «Bilim we ylym» innowasiýa maksatnamalaryna goldaw gaznasy bilimiň dürli ugurlary boýunça – rus diliniň fonetikasyndan, etimologiýasyndan we tekstiň mazmunynyň derňewinden başlap, «çözülme» medeniýeti we edebi çeşmeler bilen işlemek tejribesine çenli güýçli depgindäki onlaýn okuw sapaklarynyň birnäçesi başlandy.
20 kursyň her biri 1 hepde dowam edýär, olaryň hemmesi matetech.ru elektron platformasynda ýerleşdiriler we onlaýn ýaýlymlardan soň erkin ýagdaýda elýeterli bolar.
Taslamanyň müdiri, dosent, filologiýa ylymlarynyň doktory Roman Krasilnikow: «Taslama durmuşa geçirilende GDA ýurtlaryndan gelen mekdep okuwçylaryna rus dilini, taryhyny we medeniýetini öwrenmekde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge synanyşdyk. «Bilim we ylym» okuwynyň gaznasynyňkurslary okuwçylara bilimleri umumylaşdyrmaga we tertipleşdirmäge, iň möhüm amaly endikleri ösdürmäge, şeýle hem rus dilini we rus medeniýetini mundan beýläk-de öwrenmekde psihologiki goldaw bermäge ýardam bermek üçin döredilendir» – diýip,belleýär.
Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen amala aşyryldy. Doly okuw maksatnamasy we okuwa ýazylmak boýunça degişli maglumatlary şu salgydan tapyp bilersiňiz.
ORIENT news
Surat: bloknot.ru








