HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türk parlamentiniň ýolbaşçysy Ärdoganyň saparynyň öňýanynda Aşgabada geldi

Noýabr 18, 2022 | 16:58 |7464
Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.
Çeşme:

Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Türk parlamentarileriniň saparynyň başy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmakdan başlandy, soňra bolsa olar Milli haly muzeýine bardylar.

Yenicag türk syýasy gazetiniň ýazyşy ýaly, bu ýerde Şentop energiýany ibermegiň ugurlarynda howpsuzlygyň dürli meseleleri barada žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa alyp barýan geçelgäniň örän möhüm bolandygyny aýtdy.

Спикер турецкого парламента прилетел в Ашхабад

Käbir ýurtlaryň, mysal üçin, Azerbaýjanyň Ýewropa tebigy gazyň iberilişini artdyrmak barada karara gelendiklerini belläp, Şentop: “Energiýanyň ýetmezçilik edýän şu döwründe türkmen gazynyň hem işjeňleşdirilmegi örän wajyp” diýip aýtdy diýip, neşir onuň sözlerini getirýär.

Ol şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň Türkmenistana gelip, energetika boýunça üçtaraplaýyn ylalaşygy gazanmak üçin tagalla etjekdiklerini belledi. “Şu babatda infrastruktura boýunça möhüm işler geçirildi. Men bu hyzmatdaşlyk şu döwürde has gymmatly hem-de wajyp boldy diýip pikir edýärin. Men şol saparyň mümkin boldugyça tiz wagtda boljakdygyna umyt edýärin” diýip, Şentop aýtdy.

ORIENT news
Foto: tbmm.gov.tr

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026