S7 awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuş gatnawlarynyň sanyny artdyrar


– Russiýanyň S7 awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabryndan Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar. Goşmaça howa gatnawy penşenbe güni amala aşyrylar – diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.
Ozal, 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Russiýanyň awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda yzygiderli gatnawlary gaýtadan dikeltdi. Uçuşlar duşenbe günleri amala aşyrylýar.
Indi S7 howa ýollary Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça hepdede iki gezek - duşenbe we penşenbe günleri aşakdaky tertip boýunça uçar:
Gatnaw belgisi S7-3237 Moskwadan uçýan wagty - 03:30;
Türkmenbaşy şäherine gonýan wagty - 09:08.
Gatnaw belgisi S7-3238 Türkmenbaşy şäherinden uçýan wagty - 10:05;
Moskwa gonýan wagty - 11:35.
Iki şäher üçinem ýerli wagt görkezilendir. Uçar takmynan 3,5 sagat uçýar.
ORIENT news








