Dünýäniň ilaty resmi taýdan 8 milliard adama ýetdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) maglumatlaryna görä, 15-nji noýabrda dünýäniň ilatynyň sany resmi taýdan 8 milliard adama ýetdi.
UNFPA bütin dünýä üçin ähmiýetli bolan bu ýetilen sepgit mynasybetli dünýäniň ilaty barada maglumat berýän onlaýn ýörite taslamany döretdi we sosial ulgamlarda # 8BillionStrong atly heşteg açdy.
Bütindünýä ilat gaznasynyň habar bermegine görä, soňky 12 ýylda dünýäniň ilaty 1 milliard adam artypdyr. 2037-nji ýyla çenli planetada adam sany 9 milliarda çenli, 2058-nji ýyla çenli bolsa 10 milliard adama çenli köpelmeli diýlip hasaplanylýar.
Şeýle hem UNFPA guramasynyň ýörite taslamasynyň web sahypasynda planetanyň ilatynyň onlaýn hasaplaýjysy hereket edýär, ol Ýer ýüzünde her sekuntda 2-3 çaganyň dünýä inýändigini görkezýär.
ORIENT news
Surat: liter.kz








