HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB maýa goýum kuwwatyny Merkezi Aziýada täze sanly ykdysadyýeti döretmek üçin ulanyp biler

Noýabr 18, 2022 | 15:00 |4936
Ýewropa Birleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Žozep Borrell Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek etmek üçin dünýäniň beýleki döwletleri bilen ýakynlaşdyryp biljek täze “ýaşyl” sanly ykdysadyýeti gurmaga Ýewropanyň hususyýetçileriniň maýa goýum kuwwatyny ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.Ýewropa Birleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Žozep Borrell Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek etmek üçin dünýäniň beýleki döwletleri bilen ýakynlaşdyryp biljek täze “ýaşyl” sanly ykdysadyýeti gurmaga Ýewropanyň hususyýetçileriniň maýa goýum kuwwatyny ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.
Çeşme:

Ýewropa Birleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Žozep Borrell Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek etmek üçin dünýäniň beýleki döwletleri bilen ýakynlaşdyryp biljek täze “ýaşyl” sanly ykdysadyýeti gurmaga Ýewropanyň hususyýetçileriniň maýa goýum kuwwatyny ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.

Bu barada 18-nji noýabrda Samarkantda geçiriljek iki sebitiň arasyndaky sanly, ulag we energiýa gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirilýän ÝB we Merkezi Aziýa özara baglanyşygy boýunça Global Gateway Maslahatyna bagyşlanan Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýaýradan tekstinde aýdylýar.

ÝB geografiki päsgelçilikleri ýeňip geçmek we döwlet tarapyndan edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň hem milli ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmak we diwersifikasiýa etmek üçin zerur platformalary döretmegi maksat edinýär.

Dünýädäki iň uly maýa goýujy bolmak bilen, ÝB 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli dürli bilelikdäki taslamalary 390 million ýewro möçberdäki grantlar bilen üpjün eder, şunda 2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli aralykda Ýewropa Birleşigi 1,1 milliard ýewro serişde beripdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşmagyna garaşylýan Samarkantda geçiriljek duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa döwletleriniň ägirt uly mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin maýa goýumlaryna höweslendirmekden ybaratdyr we bu bolsa, ekologiýa, ykdysadyýet, ulag, energiýa, maýa goýumlary we beýleki ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlarynda örän ähmiýetli ädim bolar.

ORIENT news
Surat: akipress.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026