Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky telekeçiler üçin täze hyzmatlaryň tanyşdyryşyny geçirdi

Noýabr 18, 2022 | 14:50 |6524
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky telekeçileriň iş amallaryny dolandyrmagyny ýeňilleşdirmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanan täze hyzmatlaryň tanyşdyrylyşyny geçirdi.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky telekeçileriň iş amallaryny dolandyrmagyny ýeňilleşdirmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanan täze hyzmatlaryň tanyşdyrylyşyny geçirdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky telekeçileriň iş amallaryny dolandyrmagyny ýeňilleşdirmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanan täze hyzmatlaryň tanyşdyrylyşyny geçirdi.

Täzeçillikeriň arasynda — ýuridiki şahslara bank işiniň internet arkaly amala aşyrylyş işlerine mümkinçilik berýän goşmaçalar bar:

– tölegleri geçirmek,
– pul serişdeleriniň hereket edişini barlamak,
– işgärlere aýlyk tölemek,
– belli bir döwür üçin hasaplar boýunça elektron hasabaty almak,
– täze hasap açmak üçin ýüz tutmak.

Внешэкономбанк Туркменистана провел презентацию новых услуг для предпринимателей

Internet bank işiniň maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesi iki faktorly tassyklanma we tölegler geçirilende, şeýle-de ulgama girilende kepillendirilen ygtybarly aragatnaşyk kanallarynyň ulanylmagy bilen üpjün edilýär.

Gaýtalanýan amallar üçin nusgalyk ülňüleriň döredilmegi, mysal üçin, uzak möhletli karz üçin töleg işleri ýerine ýetirilende işi has-da ýeňilleşdirer.

Внешэкономбанк Туркменистана провел презентацию новых услуг для предпринимателей

Duşuşykda telekeçiler internet bank işiniň täze funksiýalary bilen baglanyşykly anyklaýjy soraglary we isleg bildirilýän hyzmatlary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri berdiler. Şeýle hem gatnaşyjylara bank bilen hyzmatdaşlygy barada öz täsirlerini paýlaşyp, maslahatlaryny berip biljek sowalnamalar berildi.

Daşary ykdysady iş bankynyň müşderiler tarapyndan edilen belliklere şeýle seslenmeleriň bolmagy we dessin jogap berilmegi ony Türkmenistanyň iň öňdebaryjy karz edarasyna öwürýär, bu bolsa bankyň birnäçe baýraklara mynasyp bolanlygy bilen tassyklanýar. Olaryň arasynda Britaniýanyň “the Banker” atly maliýe žurnalynyň baýraklaryony ýurduň iň gowy banky hökmünde görkezýär.

Внешэкономбанк Туркменистана провел презентацию новых услуг для предпринимателей

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde işewürleriň dykgatyna ýeňillikli karz bermek mümkinçilikleri ýetirildi. Mysal üçin, Daşary ykdysady iş banky telekeçileriň täze maýa goýum taslamalarynyň bahasynyň 85 göterimini 10 ýyla çenli ýyllyk 5-7 göterim karzy bilen maliýeleşdirip bilýär.

Внешэкономбанк Туркменистана провел презентацию новых услуг для предпринимателей

Oba hojalygy pudagynda işleýänler üçin ýeňillikli karzlar hem bar. Agrar ulgamda işewürlik bilen meşgullanýan telekeçiler oba hojalyk tehnikalaryny, suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamlaryny we beýleki enjamlary satyn almak üçin ýylda 1% göterim bilen 10 ýyla çenli karz alyp bilýärler.

Geçirilen bu duşuşyk telekeçilere öz soraglaryna jogap almaga we işlerini ýeňilleşdirmäge we umuman işewür hyzmatdaşlar bilen, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky bilen täsirli gatnaşygy ýola goýmaga ýardam berjek köp maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Внешэкономбанк Туркменистана провел презентацию новых услуг для предпринимателей

ORIENT news
Surat redaksiýanyňky

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026