HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara topary hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak teklibi bilen çykyş etdi

Noýabr 17, 2022 | 16:11 |3415
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Täjik bilelikdäki hökümetara topary iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatynda birnäçe takyk teklipler bilen çykyş etdi, bu Aşgabatda geçirilen bilelikdäki toparyň XI mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnamada öz beýanyny tapdy.Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Täjik bilelikdäki hökümetara topary iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatynda birnäçe takyk teklipler bilen çykyş etdi, bu Aşgabatda geçirilen bilelikdäki toparyň XI mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnamada öz beýanyny tapdy.
Çeşme:

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Täjik bilelikdäki hökümetara topary iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatynda birnäçe takyk teklipler bilen çykyş etdi, bu Aşgabatda geçirilen bilelikdäki toparyň XI mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnamada öz beýanyny tapdy.

Türkmenistan we Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin hemişelik esasda hereket edýän ýöriteleşdirilen pudagara iş toparyny döretmek maslahat berildi, bu bolsa öz gezeginde ýurda gelýän harytlaryň görnüşlerini giňelder.

Şeýle hem ýylyň ahyryna çenli «Türkmenistan-Täjigistan» işewürler geňeşini döretmek we iki ýurduň telekeçilige degişli anyk ugurlara ýardam bermek üçin onuň ilkinji mejlisini onlaýn görnüşde geçirmek teklip edildi.

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda hökümetara topary türmen-täjik biznes- forumyny geçirmegi we tajik tarapynyň tejribesini öwrenmek üçin türkmen telekeçilerine Tajigistanyň erkin söwda zolaklaryna saparlaryny gurnamak maslahat berildi.

Mejlisde Täjigistanyň kärhanalarynyň Türkmenistandan mineral dökünleri satyn alyp başlandyklary bellenildi. Toparyň agzalary mineral dökünleri, şol sanda karbamidi satyn almak we onuň eksportyny giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Senagat pudagynyň meselelerine degip geçmek bilen, topar Täjigistanyň çäginde dermanlyk ösümlikleri gaýtadan işlemek üçin bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçiligini seretmeklige çagyrdy. Iki ýurduň işewürlik bileleşiklerine pagtany ahyrky önüme çenli gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmek meselesi teklip edildi.

ORIENT news
Surat Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026