HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet baştutanlary iki ýurduň halklaryny Dostluk festiwalynyň açylmagy bilen gutladylar

Noýabr 17, 2022 | 14:30 |5388
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşoguz şäherinde Dostluk festiwalynyň geçirilmegi mynasybetli türkmen we özbek halklaryny gutladylar. Gutlag hatlary şu gün TDH habarlar gullugy tarapyndan çap edildi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşoguz şäherinde Dostluk festiwalynyň geçirilmegi mynasybetli türkmen we özbek halklaryny gutladylar. Gutlag hatlary şu gün TDH habarlar gullugy tarapyndan çap edildi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşoguz şäherinde Dostluk festiwalynyň geçirilmegi mynasybetli türkmen we özbek halklaryny gutladylar. Gutlag hatlary şu gün TDH habarlar gullugy tarapyndan çap edildi.

Goňşy döwletleriň baştutanlary festiwala gatnaşyjylaryň ählisine, şeýle hem iki dostlukly halklara berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. Özbegistanyň Prezidenti festiwalyň ýokary derejede guralandygy mynasybetli türkmen Liderine aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Iki gutlagda hem festiwalyň geçirilmeginiň iki halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtalýar.

«Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhümdir» — diýip, Serdar Berdimuhamedow aýratyn belledi.

«Iki dostlukly we doganlyk halklarymyzy has ýakynlaşdyrýan şular ýaly medeni baýramçylyklary bilelikde geçirmegi geljekde-de dowam etdirjekdigimize men pugta ynanýaryn» — diýip, Şawkat Mirziýoýew gutlagynda belläp geçýär.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynda geçirilen bu festiwalyň türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky ikinji dostluk baýramçylygydygy gutlaglarda aýratyn bellenilýär. Ilkinji festiwal 2010-njy ýylda geçirilipdi.

ORIENT habarlary
Surat: prezident.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026