Türkmenistanyň we Latwiýanyň gümrük okuw merkezleri hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň mugallymlary Latwiýanyň Riga şäherinde Merkezi Aziýada Serhet Dolandyryş Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan guralan gysga möhletli tejribe işini tamamladylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy resmi web saýtynda habar berýär.
Okuw merkeziniň işgärleri Riganyň tehniki uniwersitetiniň Halkara ykdysady gatnaşyklar we gümrük institutynda we Latwiýanyň döwlet girdeji gullugynyň milli gümrük gullugynda tälim aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri, Riga tehniki uniwersitetiniň talyplary üçin Türkmenistanda gümrük dolandyryşy barada leksiýa berdi.
Saparyň dowamynda geçirilen çärelere gatnaşyjylar Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar we gümrük okuw merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
ORIENT news
Surat: sng.today








