Germaniýanyň maşyn gurluşykçylary Türkmenistanyň dokma senagaty pudagyny döwrebaplaşdyrýarlar


Dokma senagaty boýunça enjam öndürýän «Monforts» nemes kompaniýasy täze önümçilik serişdelerini ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda pagta ýüplükleriniň we matalarynyň önümçiligini artdyrmaga isleg bildirýär. Bu barada kompaniýanyň resmi web saýty habar berýär.
«Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumy we beýleki taslamalar üçin «Monforts» kompaniýasynyň enjamlaryny saýlanandygyna begenýäris. Häzirki wagtda ýurduň çäginde eýýäm 15 sany «Monforts» enjamynyň oturdylandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris» – diýip, kompaniýanyň müdiri Ştefan Flet belleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Koreýanyň Senagat tehnologiýasy institutynyň arasynda nemes enjamlarynda polimerlerden sintetiki süýümleriň önümçiligini ýola goýmak barada gepleşikler alnyp barylýar.
«Monforts» kompaniýasy 21-nji noýabrdan 26-njy noýabry aralygynda Türkmenistana iş saparyny guramagy meýilleşdirýän Germaniýanyň Inženerçilik Bileleşiginiň wekiliýetiniň bir bölegi bolup çykyş eder.
ORIENT news
Surat: www.newscentralasia.net








