HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistana Russiýadan bäş sany teplowoz gelip gowuşdy

Noýabr 15, 2022 | 17:45 |11367
Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň (BMZ) (demirýol ulaglary üçin iň iri tehnikany öndürýän “Transmashholding” paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegi) önümi bolan bäş sany teplowoz Türkmenistana geldi.Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň (BMZ) (demirýol ulaglary üçin iň iri tehnikany öndürýän “Transmashholding” paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegi) önümi bolan bäş sany teplowoz Türkmenistana geldi.
Çeşme:

Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň (BMZ) (demirýol ulaglary üçin iň iri tehnikany öndürýän “Transmashholding” paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegi) önümi bolan bäş sany teplowoz Türkmenistana geldi.

Aşgabat Demirýol menzilinde täze teplowozlary dabaraly ýagdaýda garşy aldylar we ýaşulylar, däbe görä, olaryň uzak wagt hyzmat etmegine ak pata berdiler.

2TE25KM lokomotiwleri “Transmashholding” bilen 2022-nji ýylyň awgust aýynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet demirýol operatory bolan “Demiryollary” AGPJ-ne gowşuryldy.

Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň ýük teplowozlary Türkmenistanda eýýäm belli. 2021-nji ýylda “Demiryollary” kompaniýasy tarapyndan satyn alnan lokomotiw iş ýüzünde özüni gowy tarapdan görkezdi.

“Demirýollarynyň” wekilleri Brýansk tehnikasynyň hilini we ygtybarlylygyny belleýärler we kompaniýanyň lokomotiw parkyny kämilleşdirmek, ony giňeltmek boýunça BMZ bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar.

2TE25KM ýük lokomotiwi 1520 mm ölçegli demirýollaryň elektrikleşdirilmedik liniýalarynda uly göwrümli ýükleri daşamagy netijeli guramaga mümkinçilik berýär. Bu seriýaly maşynlar BMZ-da 2014-nji ýyldan bäri öndürilýär we olar dürli howa şertlerinde (şol sanda gurak we yssy howa şertleri bolan sebitlerde-de) ýoluň çylşyrymly profili bolan böleklerinde işlänlerinde, özlerini gowy tarapdan görkezdi.

Demirýol pudagyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we täzelemek Türkmenistanda göwrümi köpeltmek, ýük daşalyşynyň geografiýasyny giňeltmek we ulag-logistika pudagynda iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen yzygiderli amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026