Türkmenistan Owganystana elektrik togyny eksport etmek baradaky şertnamany uzaltmaga taýýarlanýar
Noýabr 14, 2022 | 21:10 |3489


Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow goňşy ýurduň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansuryň energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda Owganystana elektrik energiýasynyňiberilmegini uzaltmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Taraplar türkmenleriň elektrik energiýasyny import etmek meýilnamasy barada pikir alyşdylar, şeýle hem Owganystanyň Jowjan welaýatynyň Homab we Garkin etraplaryny elektrik togy bilen üpjün etmek taslamalaryna garadylar.
Ilçi Türkmenistanyň Owganystana elektrik üpjünçiligi baradaky şertnamany uzaltmaga we elektrik taslamalarynda hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.
ORIENT news
Surat: yandex.com








