HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Afghantelecom” parahatsöýüjilikli aragatnaşyklar üçin bilelikde işlemäge taýyn

Noýabr 14, 2022 | 20:00 |7742
"Türkmentel-2022" Halkara konferensiýasyna gatnaşanlaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bardy. Olaryň arasynda Owganystandan gelen wekiliýet hem bar. ORIENT türkmen-owgan gatnaşyklary mowzugyna degişli köp maglumat çap etdi. Goňşy halklarymyz diňe bir gadymy gatnaşyklara eýe bolman, eýsem häzirki döwürde olary üstünlikli ösdürýärler."Türkmentel-2022" Halkara konferensiýasyna gatnaşanlaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bardy. Olaryň arasynda Owganystandan gelen wekiliýet hem bar. ORIENT türkmen-owgan gatnaşyklary mowzugyna degişli köp maglumat çap etdi. Goňşy halklarymyz diňe bir gadymy gatnaşyklara eýe bolman, eýsem häzirki döwürde olary üstünlikli ösdürýärler.
Çeşme:

"Türkmentel-2022" Halkara konferensiýasyna gatnaşanlaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bardy. Olaryň arasynda Owganystandan gelen wekiliýet hem bar. ORIENT türkmen-owgan gatnaşyklary mowzugyna degişli köp maglumat çap etdi. Goňşy halklarymyz diňe bir gadymy gatnaşyklara eýe bolman, eýsem häzirki döwürde olary üstünlikli ösdürýärler.

Mysal üçin, Türkmenistan Owganystanda mekdep, çaga dogrulýan öý, hassahana, metjit, söwda merkezini, demir ýoluň belli böleklerini we ş.m. öz hasabyna gurdy. Köp ejirler başyna düşen bu ýurduň halkyna gaty zerur bolan dürli hünärler boýunça türkmen uniwersitetlerinde owgan talyplaryny mugt taýýarlamak däbe öwrüldi. Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy we suwuklandyrylan gaz Owganystana ýeňillikli şertlerde iberilýär, dürli ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradylýar.

Aşgabatda geçirilen foruma “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen işewür gatnaşyklary ýola goýan “Afgantelekomyň” hem wekiliýeti gatnaşdy. Oňa Mahmatzahad ýolbaşçylyk etdi.

Афганские представители отрасли связи готовы к совместной работе для миролюбивых контактов

Mahmatzahad: "Aşgabat forumy wekiliýetimizde uly gyzyklanma döretdi, bu ýerde biz üçin öwrenmäge zat kän" – diýdi. – “ Biz halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda durnukly aragatnaşygyň möhüm rol oýnaýandygyna ynanýarys. Goňşy döwletleriň hemmesi bilen gowy gatnaşyklarymyz bar we biziň kompaniýamyzyň wezipesi – parahatçylykly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini tehniki taýdan üpjün etmek.

Goňşularymyz bilen, hökümet derejesinde-de, halklarymyzyň arasynda-da, hakykatdanam doganlyk gatnaşyklarynyň bolmagyny isleýäris. Owganystanda tehniki taýdan ýola goýlup, häzirki wagtda kem-kemden ösýän aragatnaşyk ulgamy muňa goşant goşýar. Galyberse-de, parahatçylyk bar ýerinde mynasyp durmuş bar. Biz Owganystanda geljekde parahatçylykly durmuş durnukly ornaşar diýip umyt edýäris.

Türkmenistan we Owganystan diňe bir goňşy ýurtlar däl, eýsem dogan ýurtlar. Biziň ýurtlarymyzyň iki nokatda - Turgundide we Ymamnazarda - süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň döwletara çatrygy bar. Biz olary ulanýarys we olaryň halklarymyza biri-birine has ýakynlaşmagyna kömek etjekdigine ynanýarys.

– Aşgabat mähirli we myhmansöýer adamlaryň ýaşaýan örän owadan şäheridir. Bu ýerde halkara konferensiýasynyň guralyşyny juda haladyk. Biz bu ýerde diňe bir gowy hünärmenler bilen duşuşman, eýsem olar bilen dostlaşdyk. Bu bolsa, bize bilelikdäki işimizde kömek eder.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026