ÝHHG Türkmenistana erkin ykdysady zolaklaryň işini gowulandyrmak boýunça maslahatlary berýär


Aşgabatdaky ÝHHG-nyň wekilhanasy ýerli maýa goýum şertlerini döretmek we erkin ykdysady zolaklaryň çäginde daşary ykdysady işjeňligi gowulandyrmak boýunça ýerli hünärmenler üçin okuw sapagyny geçirdi. Bu barada guramanyň wekilhanasynyň metbugat beýanaty habar berýär.
Angliýadan çagyrylan halkara bilermen gümrük gözegçiligini guramak we erkin ykdysady zolaklaryň netijeliligine baha bermek meseleleri barada jikme-jik durup, erkin ykdysady zolaklary döretmekde ÝHHG-na gatnaşýan döwletleriň gazanan öňdebaryjytejribelerini paýlaşdy.
Okuw sapagynyň dowamynda erkin ykdysady zolaklaryň kuwwatyna düşünmek täze iş ýerleriniň döredilmegine itergi bermäge, eksporty artdyrmaga we daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekmäge ýardam eder – diýip, Aşgabatdaky ÝHHG-nyň merkezi edarasynyň ykdysady we daşky gurşaw bölüminiň ýolbaşçysy Iwan Markowiç-Başkowiç belledi.
Maslahatda Adalat, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri ýygnandylar.
ORIENT news
Surat: www.osce.org








