HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: 13 müň tonnadan gowrak nebit önümleri eksport edildi

Noýabr 11, 2022 | 19:03 |4196
Penşenbe güni 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi bahasy 10,2 million amerikan dollary bolan 9 geleşik baglaşyldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi bahasy 10,2 million amerikan dollary bolan 9 geleşik baglaşyldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi bahasy 10,2 million amerikan dollary bolan 9 geleşik baglaşyldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen jemi 5 müň tonna nebit koksyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy mukdary 3,4 million amerikan dollaryna deňboldy, şeýle hem başga bir türkiýeli wekil bahasy 2 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 2000 tonna gyzdyrylan nebit koksyny satyn aldy.

Owganystandan we Türkiýeden gelen telekeçiler bahasy 1,5 million amerikan dollary bolan 2 tonna SN-350 kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada şertnama baglaşdy. BAE-niň wekili we Türkiýedengelen telekeçi bahasy 1,5 million amerikan dollary bolan 2 müň tonna SN-180 kysymly başlangyç ýagyny satyn aldy.

Ýene-de 2000 tonna SN-600 kysymly başlangyçýagyny BAE-den we Gazagystandan gelen telekeçiler tarapyndan satyn alyndy. Baglaşylan geleşikleriň umumy mukdary 1,6 million amerikan dollaryndan geçdi.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy baradabildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026