Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşýar


Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşýar. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
TDG-niň IX sammiti – «Türki siwilizasiýanyň täze eýýamy: umumy ösüşiň we abadançylygyň ýolunda» atly şygar astynda geçirilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplaryň agza ýurtlar bilen guramadaky synçy ýurtlaryň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagyna, dünýädäki syýasy we ykdysady wakalar barada pikir alyşmagyna garaşylýar.
Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan, Türkmenistan we Wengriýa ýaly TDG-nyň agzalary bolan bu döwletler guramada synçy döwlet derejesine eýedirler.
ORIENT news
Surat: vesti.az








