Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Türki dünýäniň ýokary ordeni» bilen sylaglandy


Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türki dünýäniň ýokary ordeni» bilen sylaglandy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Bu orden türki dillerde gürleýän halklaryň arasyndaky raýdaşlygy berkitmekde, agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we guramanyň halkara jemgyýetçiliginde ykrar edilmegini ýokarlandyrmakda möhüm goşant goşan şahsyýetlere berilýär.
Sylagy Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gowşurdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu uly sylagy Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
ORIENT news
Surat: president.uz








