Türkmen hünärmenleri BSGG-nyň maslahatynda halkara azyk standartlarynyň ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropaboýunça sebitleýin edarasynyň (BSGG / ÝSE) wekili doktor Jeronimas Maskeliunas, halkara azyk standartlarynyň toplumy Alimentarius Kodeksine laýyklykda Türkmenistanda azygy standartlaşdyrmakboýunça okuw sapagyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hünärmenleri Ýewropa Birleşiginiň azyk önümlerini öndürmegiň tehniki düzgünleri bilen tanyşdylar. Azyk senagatyny standartlaşdyrmak pudagynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hem bellenildi.
Alimentarius Kodeksine laýyklykda azyk önümçiliginiň halkara derejesinde kabul edilen standartlary, kadalary we düzgünleridir. Koduň çäginde dünýä bazaryna hödürlenýän azyk önümleriniň howpsuzlygyny we hilini kadalaşdyrýan täze halkara standartlary hem işlenip düzülýär.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Alimentarius Kodeksiniň toparynyň agzasy boldy we 2019-njy ýylda «Codex Trust Fund» (CTF) taslamasyny durmuşa geçirmek üçin saýlandy. Bu Kodeksiň düzgünlerini berjaý etmek milli önüm öndürijileriň arasynda azyk pudagynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşant goşýar.
ORIENT news
Surat: embassylife.ru








