HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda halkara telekom-jemgyýetçiligi sanly ulgama geçilişiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýar

Noýabr 12, 2022 | 01:40 |8113
Şu günler Aşgabatda halkara telekommunikasiýa jemgyýetçiligi “Türkmentel-2022” sergisine hem-de MKT ulgamynda esasy hünärmenler we düzgünleşdirijiler üçin adybir maslahata gatnaşýarlar. Olar bu ulgamdaky wajyp meseleleriň üstünde pikir etmek, olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek hem-de täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin bu ýere ýygnandylar.Şu günler Aşgabatda halkara telekommunikasiýa jemgyýetçiligi “Türkmentel-2022” sergisine hem-de MKT ulgamynda esasy hünärmenler we düzgünleşdirijiler üçin adybir maslahata gatnaşýarlar. Olar bu ulgamdaky wajyp meseleleriň üstünde pikir etmek, olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek hem-de täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin bu ýere ýygnandylar.
Çeşme:

Şu günler Aşgabatda halkara telekommunikasiýa jemgyýetçiligi “Türkmentel-2022” sergisine hem-de MKT ulgamynda esasy hünärmenler we düzgünleşdirijiler üçin adybir maslahata gatnaşýarlar. Olar bu ulgamdaky wajyp meseleleriň üstünde pikir etmek, olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek hem-de täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin bu ýere ýygnandylar.

“Türkmentel-2022” forumy iki günüň dowamynda açyk sergi we maslahat geçirmek üçin meýdançany hödürleýär. Şunda sebit hem-de dünýä bazarynda esasy orun eýeleýän wekiller resmi adamlar, Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň ösüşini we dolandyrylyşyna jogapkär adamlar bilen göniden göni gatnaşyk edip bilýärler.

“Türkmentel-2022” pudaklaýyn serginiň birinji gününde türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň täze taslamalarynyň, önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi, bilermenleriň maslahatynda bolsa iki mejlis geçirildi. Olaryň biri “Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmagyň möhüm ugry” diýen meselä, ikinji bolsa “Täze hemra tehnologiýalary we goşundylar” meselesine bagyşlandy.

Anna güni, 11-nji noýabrda aragatnaşyk serişdelerini we ulgamlaryny, poçta ulgamynda kiberwopsuzlyk we sanly ulgama geçiş meseleleri boýunça mejlisler geçiriler. Milli aragatnaşyk operatory bolan “Türkmentelekom”, Türkmenistanyň «TM CELL» söwda nyşanly hyzmatlary hödürleýän “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory, telekom bazaryna programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we iberýän iri kompaniýalaryň biri bolan Eastwind, ykjam, kesgitli, giň gerimli we IP-ulgamlar üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji fin transmilli kompaniýasy bolan Nokia, telekommunikasiýa ulgamynda dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biri bolan Hytaýyň Huawei Technologies kompaniýasy, “Kasperskiý Laborotoriýasy” ýaly kompaniýalaryň esasy menejerleri bu meseleler boýunça alyp baryjylar hökmünde yglan edildi.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026