HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AÖB-nyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny geçirdiler

Noýabr 10, 2022 | 20:59 |6769
Aziýa ösüş bankynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgärleri üçin kiçi we orta telekeçilere karz bermek, şeýle hem pul serişdelerinden hyýanatçylykly peýdalanmaklyga, terrorçylygy maliýeleşdirmeklige we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly okuw sapaklaryny geçirdi.Aziýa ösüş bankynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgärleri üçin kiçi we orta telekeçilere karz bermek, şeýle hem pul serişdelerinden hyýanatçylykly peýdalanmaklyga, terrorçylygy maliýeleşdirmeklige we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly okuw sapaklaryny geçirdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Aziýa ösüş bankynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgärleri üçin kiçi we orta telekeçilere karz bermek, şeýle hem pul serişdelerinden hyýanatçylykly peýdalanmaklyga, terrorçylygy maliýeleşdirmeklige we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly okuw sapaklaryny geçirdi.

Aziýa Ösüş Bankynyň karzlar bölüminiň baş hünärmeni Kairat Şalabaý, kiçi we orta telekeçilerekarz bermek barada netijä gelmekdäki töwekgelçiligi kesgitlemek boýunça okuw sapagyny geçirdi.

Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar kompaniýalaryň iş meýilnamalaryna nähili baha bermelidigini, taslamalara maliýe seljermesini geçirmegi, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň halkara tejribesine esaslanýan kiçi we orta telekeçilere karz bermegiň beýleki aýratynlyklaryny öwrendiler. Şeýle hem bank pudagynda marketing gurallaryna aýratyn üns berildi.

AÖB-nyň geňeşçisi Muhammet Jüneýit Yunus Gori, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen okuw sapagynda töwekgelçiligi kesgitlemek we bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmek boýunça, şeýle hem pul serişdelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň öňüni alyş çäreleri, şeýle hem bu ugurdaky halkara hukuk resminamalary barada çykyş etdi.

Umuman aýdylanda, Aziýa ösüş bankynyň wekilleri tarapyndan geçirilen okuwlar, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga we bankyň berýän hyzmatlary arkaly Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026