HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Pakistan bilelikdäki logistika meselelerini çözmek üçin kompaniýa döretmegi meýilleşdirýärler

Noýabr 10, 2022 | 21:12 |4052
Yslamabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşan Zafar Bagtawari Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen umumylogistika meselelerini çözmek maksady bilen, ulag kompaniýasyny döretmegiň zerurdygyny belledi.Yslamabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşan Zafar Bagtawari Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen umumylogistika meselelerini çözmek maksady bilen, ulag kompaniýasyny döretmegiň zerurdygyny belledi.
Çeşme: google

Yslamabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşan Zafar Bagtawari Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen umumylogistika meselelerini çözmek maksady bilen, ulag kompaniýasyny döretmegiň zerurdygyny belledi.

Bu barada The Express Tribune agentligi diplomatik wekilhananyň baştutany bilen Yslamabatdaky Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasyndaky duşuşykdan soň habar berdi.

Türkmenistanyň ilçisi bu ýurduň ilatynyň elektrik toguna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam berjekdigini bildirdi, şeýle hem transmilli TAPI taslamasynyň mümkinçilikleri barada durup geçdi we Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň elýeterli bahalary Pakistanda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etjekdigini aýratyn belledi.

Pakistanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti öz gezeginde «Pakistan bilen Türkmenistan özara işewürlik saparlaryny artdyrmaga we ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýurtlarymyzyň sergilerini guramaga ýardam bermelidir» – diýip,belledi.

Taraplar süýümli optiki geçirijileri gurnamak meselesine-de ünsi çekip, ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny, şeýle hem Karaçi we Gwadar portlarynyň Türkmenistanyň üstaşyr söwdasy üçin ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

ORIENT news
Surat: google

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026