Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň täze çempionlary belli boldy


Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşa 130 sany türgen gatnaşdy. Ähli ýaryşlarda paýtagtymyzyň ýygyndy toparynyň wekilleri «altyn» we «kümüş» medallary gazandylar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Erkekleriň toparlaýyn ýaryşynda 1-nji we 2-nji orunlary Aşgabat şäheriniň ýygyndysy, 3-nji orny — Balkan welaýatynyň ýygyndysy eýeledi. Şeýle hem zenanlaryň arasyndaky geçirilen ýaryşda 1-nji we 2-nji orunlary Aşgabat şäheriniň ýygyndysy, 3-nji orny bolsa — Lebap welaýatynyň ýygyndysy eýeledi.
Ýekelikde geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlary ýene-de Aşgabat şäheriniň ussatlary eýelediler. Alibek Jumanow ýurdumyzyň iň güýçli tennisçisi boldy, ikinji orny — Ylýas Allanazarow, üçünji orny — Igor Azarow eýelediler. Aýal-gyzlaryň ýaryşynda 1-nji orny Ogulgerek Hemraýewa, 2-nji orny Oguljennet Nyýazgylyjowa we 3-nji orny Ekaterina Gromiskaýa eýelediler.
Şeýle hem erkekleriň we aýal-gyzlaryň jübüt toparlarynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi, onda ýene-de stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça paýtagtymyzyň ussatlary ýeňiş gazandylar. Ýeňijileriň ählisi Rustam Ahmedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar. Ýeňijiler indi öňde boljak has wajyp ýaryşlara taýýarlanmaly bolarlar – noýabrda erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirmek meýilleşdirilýär.
ORIENT news
Surat: bttf.by








