HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji duşuşygy geçirildi

Noýabr 11, 2022 | 04:17 |3668
Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.
Çeşme:

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.

Hökümetara toparynyň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň awgust we noýabr aýlarynda Türkmenistana eden saparlary bilen güýçli itergi berlen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady, ylmy we tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar we özara gyzyklanýan ugurlar boýunça dürli täze şertnamalara gol çekdiler.

Çärä gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik hökümetara toparynyň 10-njy mejlisinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi baradaky habarlary diňlediler. Uzakmöhletleýin özara gatnaşyklar we ikitaraplaýyn taslamalar meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistana bolan iş saparynyň ilkinji gününde hökümetara toparynyň täjik tarapynyň ýolbaşçysy, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde, Senagat we gurluşyk, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklar geçirdi.

Parahat MERETLIÝEW
Surat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026