HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Noýabr 11, 2022 | 05:28 |6726
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow çarşenbe güni Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Giý Lens bilen duşuşyk geçirdi.Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow çarşenbe güni Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Giý Lens bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow çarşenbe güni Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Giý Lens bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň maksady tanyşlykdan we ýurdumyzyň energetika ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ilçi energiýa çeşmelerine baý bolan Türkmenistanyň bu ugurda halkara iri maýa goýumlary özüne çekýän ýurt hökmünde Energetika Hartiýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belläp geçdi.

Şeýle hem Sapar Pälwanow Türkmenistanyň dünýäde öňdebaryjy uglewodorod öndürijileriniň biri bolmak bilen, energiýa howpsuzlyk meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny goldaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Energetika Hartiýasynyň çäginde bilelikdäki işiň esasan hem gazyň, elektrik energiýanyň we nebitiň üstaşyr daşalmagynyň halkara hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

Baş sekretar Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň rejelenen görnüşini şu ýylyň dowamynda kabul etmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi we bu ugurda agza ýurtlar tarapyndan alnyp barlan gepleşiklere we degişli toparlaryň işlerine işjeň we konstruktiw gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem Giý Lens Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň durnukly we ygtybarly agzasy bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Ilçi Türkmenistanda energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigata zyýansyz ýokary tehnologiýaly we eksporta gönükdirilen milli wodorod energiýasyny hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýola goýmak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, bu ugurlarda türkmen tarapynyň Ýewropa sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak başlangyjy 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde öňe sürüldi we resminamanyň rejelenen görnüşi 2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabr aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisinde kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026