HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ministrlikleriniň hünärmenleri «SPECA 2022» atly ykdysady forumyna gatnaşýarlar

Noýabr 10, 2022 | 21:04 |7717
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň hünärmenleri 16-17-nji noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek «Ekologiki taýdan has arassa we has ygtybarly geljek» atly tema boýunça«SPECA 2022» ykdysady forumyna gatnaşarlar.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň hünärmenleri 16-17-nji noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek «Ekologiki taýdan has arassa we has ygtybarly geljek» atly tema boýunça«SPECA 2022» ykdysady forumyna gatnaşarlar.
Çeşme: wikifoto.ru

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň hünärmenleri 16-17-nji noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek «Ekologiki taýdan has arassa we has ygtybarly geljek» atly tema boýunça«SPECA 2022» ykdysady forumyna gatnaşarlar.

Forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasy «SPECA-nyň» agza ýurtlarynda ekologiki taýdan has arassa we has ygtybarly geljegi goldamak maksady bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu duşuşyk hökümetler, BMG-niň ulgamy we beýleki degişli gyzyklanýan taraplar tarapyndan gender deňligini we aýal-gyzlaryň hukuklaryny artdyrmak bilen, ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin utgaşdyrylan hereket pikirlerini ösdürer.

18-nji noýabrda «SPECA» maksatnamasynyň Dolandyryjy Geňeşiniň on ýedinji mejlisi hem geçiriler, onda taraplar Maksatnama boýunça häzirki iş tertibini gözden geçirerler, şeýle hem hyzmatdaş guramalar we donorlar bilen hyzmatdaşlyk baradaky hasabaty diňlärler.

Çäreler Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde häzirki «SPECA» maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýän Gazagystan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan gurnalýar.

ORIENT news
Surat: wikifoto.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026