«Türkmenfilm» birleşigi Türkiýede geçirilen halkara film festiwalynda iki sany baýrak aldy


«Türkmenfilm» birleşigi Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen Türk dünýäsiniň «Korkut Ata» atly halkara film festiwalynda iki sany baýrak aldy, bu barada wekilçilikli birleşikler Instagram saýtynda habar berýärler.
Festiwalda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan «Istärin» atly çeper filmi tomaşaçylaryň baýragyna mynasyp boldy. Akyldar şahyryň keşbini täze görnüşde açan filme Arslan Eýeberdiýew režissýorlyk etdi.

Ikinji baýrak türki halklaryň medeniýetine goşan önjeýli goşandy üçin bu birleşige gowşuryldy.
Film festiwalynda «Türkmenfilm» birleşiginiň «Gyzyl kürte» we «Dutaryň owazy» atly filmleri hem görkezildi.
Film festiwalyna Türkmenistan bilen birlikde Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
ORIENT news
Surat: Instagram / @annushtashli








