HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýyl türki dünýäde “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýen şygar astynda geçer

Noýabr 10, 2022 | 16:26 |13609
2024-nji ýyl türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanar. Bu karar 2022-nji ýylda türki döwletleriň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medeni paýtagty Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Jemleýji beýannama türkmen tarapyndan Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.2024-nji ýyl türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanar. Bu karar 2022-nji ýylda türki döwletleriň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medeni paýtagty Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Jemleýji beýannama türkmen tarapyndan Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.
Çeşme:

2024-nji ýyl türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanar. Bu karar 2022-nji ýylda türki döwletleriň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medeni paýtagty Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Jemleýji beýannama türkmen tarapyndan Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.

Delegatlar Türkiýede geçirilen bu maslahatda “Magtymguly Pyragynyň ýyly” şygary astynda tutuş 2024-nji ýylyň dowamynda geçiriljek we dünýä edebiýatynyň beýik nusgawy şahsyýetiniň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar we tassykladylar.

Türkmenistanda baýramçylyk dabaralary medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabaralaryndan badalga alar. 2021-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Gündogaryň görnükli nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegi hakyndaky Karara gol çekendigini ýatlatmak isleýäris. Şonda guramaçylyk topary türkmen pelsepeçisiniň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän “Magtymguly Pyragynyň portaly” atly sanly saýty döretmäge girişipdi.

Şeýle hem, Bursada geçirilen medeniýet ministrleriniň ýygnagynda Türkmenistanyň Änew şäherini "Türki dünýäniň medeni paýtagty - 2024" diýip yglan etmek kararyna gelindi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026