HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Noýabr 06, 2022 | 17:15 |12275
Türkmenistanyň taryhy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şeýle çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şeherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň jemleýji jarnamasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen birlikde, agza ýurtlaryň edaralarynyň ýolbaşçylary gol çekdiler.Türkmenistanyň taryhy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şeýle çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şeherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň jemleýji jarnamasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen birlikde, agza ýurtlaryň edaralarynyň ýolbaşçylary gol çekdiler.
Çeşme:

Türkmenistanyň taryhy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şeýle çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şeherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň jemleýji jarnamasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen birlikde, agza ýurtlaryň edaralarynyň ýolbaşçylary gol çekdiler.

Şeýle hem Jarnamada Türkiýe Respublikasynyň hökümeti tarapyndan guralýan TEKNOFEST – awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar festiwalynda Medeniýet ministrlikleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylygynda bilelikdäki taslamalary işläp düzmek arkaly türki dilli ýurtlaryň ýaşlarynyň gatnaşmagyny üpjün etmek baradaky çözgüt bellenildi.

Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi türki dünýäsiniň Medeniýet we hakyda ýylyny yglan etmek hakyndaky taslamany öňe ilerletmek maksady bilen, şäreleri geçirmek barada çözgüt kabul etdi.

Jemleýji Jarnamada TÜRKSOÝ-yň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, agza ýurtlaryň medeniýet ministrlikleriniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda utgaşdyryjy ýurt tarapyndan guralýan TÜRKSOÝ-yň baş sekretariatynda ýylda iki gezek ýokary wezipeli döwlet gullukçylarynyň iş maslahatyny geçirmek barada karara gelnendigi görkezildi.

Şeýle hem resminamada 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli agza ýurtlarda, ÝUNESKO, Ýewropa Geňeşi, BMG ýaly halkara guramalarynda hem-de dünýäniň möhüm medeni merkezlerinde dabaralaryň guraljakdygy bellenildi. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli komissiýalary ÝUNESKO tarapyndan Türki dilleriň halkara gününiň yglan edilmegi boýunça işleri alyp barýarlar.

Türki dünýäsiniň 2021-nji we 2022-nji ýyllarda üstünlikli geçirilen “Gorkut Ata” festiwaly bolsa TÜRKSOÝ-yň däbe öwürlen maksatnamasyna girer hem-de türki dünýäsiniň medeni-paýtagt şäherlerinde gezekli gezegine geçiriler.

TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi türki dünýäsiniň 2023-nji ýylda paýtagty boljak Azerbaýjanyň Şuşe şäherinde indiki ýylyň ahyrynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026