HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň Kapadokiýa şäheriniň geografiýasy – ertekilerdäki ýaly

Ýanwar 25, 2023 | 18:35 |10055
Gaýalyklar bilen gurşalan Kapadokiýa şäheri dünýädäki iň üýtgeşik tebigy landşaftlardan biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Türkiýäniň bu sebitinde tebigy gurşaw estetiki mähir bilen göze ýakymly täsir edýär.Gaýalyklar bilen gurşalan Kapadokiýa şäheri dünýädäki iň üýtgeşik tebigy landşaftlardan biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Türkiýäniň bu sebitinde tebigy gurşaw estetiki mähir bilen göze ýakymly täsir edýär.
Çeşme: Suratlar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Gaýalyklar bilen gurşalan Kapadokiýa şäheri dünýädäki iň üýtgeşik tebigy landşaftlardan biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Türkiýäniň bu sebitinde tebigy gurşaw estetiki mähir bilen göze ýakymly täsir edýär.

Türkiýäniň merkezi böleginde ýerleşýän Kapadokiýa şäheri wulkan işjeňligi sebäpli emele gelen gowaklary, ýiti gaýalary we egrem-bugramlyklary bilen haýran galdyrýar.

География турецкой Каппадокии – погружение в сказку

Ilkibaşda hettleriň meşhur gadymy taýpasynyň wekilleri häzirki Kapadokiýanyň çäginde ýaşapdyr. Ata-babalara hormat goýmak bilen, hatda häzirki wagtda käbir ýerli ýaşaýjylar gowaklarda ýaşaýarlar, käbiri bolsa täsin myhmanhanalara öwrülipdir.

Kapadokiýanyň ýerasty şäherleri – Anadolyda ilkinji patyşalygy guran hettleriň we irki hristianlaryň mekany bolupdyr. Bu oturymly ýerler müňlerçe adama dünýäniň beýleki ýerlerinden doly gizlinlikde ýaşamaga mümkinçilik berýän wagtal-wagtal gaçybatalga hökmünde ulanylypdy.

География турецкой Каппадокии – погружение в сказку

Hristiançylygyň ösmeginde möhüm orun eýelän Göreme atly açyk howa muzeýi we Ihlara jülgesi myhmanlara täsin gowak ybadathanalary bilen tanyşdyrýar. Içinde iň ýokary ussatlyk bilen haýran galdyryjy reňkli freskler oýulyp çekilipdir.

Syýahatçylyk agentlikleri Ihlara jülgesinden geçmäge, günüň doguşyny tomaşa etmekden lezzet almaga ýa-da safari gezelenji bilen gün ýaşyp barýarka asmanyň gözýetimdäki öwüşginlerini synlamaga mümkinçilik berýän Kapadokiýada dürli ugurlary hödürleýärler.

География турецкой Каппадокии – погружение в сказку

Täsirli peýzažlary synlaýarkaňyz, howa şary bilen gezelençde özboluşly tejribe gazanyp bilersiňiz we küýzegärçilik mekdebine baryp, gadymy senetçilik dünýäsine syýahat edip bilersiňiz.

Kapadokiýada we Türkiýäniň beýleki sebitlerinde dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler barada has giňişleýin maglumatlary [goturkiye.com] (https://goturkiye.com/) salgysyna girip, alyp bilersiňiz.

ORIENT
Suratlar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026