HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi üç welaýatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirer

Noýabr 11, 2022 | 14:35 |5044
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirligi, Ahal, Lebap we Mary welaýatynyň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirer, bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirligi, Ahal, Lebap we Mary welaýatynyň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirer, bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirligi, Ahal, Lebap we Mary welaýatynyň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirer, bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýarmarka işe girmäge isleg bildirýän raýatlar, şeýle hem boş iş orunlaryny hödürläp biljek kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşyp bilerler.

Birinji ýarmarka noýabr aýynyň 11-ne sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda Ahal welaýatynda aşakdaky salgy boýunça geçiriler: Tejen etraby, Tejen etrabynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölümi (Magtymguly köç., j. 35).

Soňra çäre Mary welaýatynda geçiriler.

Noýabr aýynyň 16-na sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda boş iş orunlaryň ýarmarkasy Sakarçäge etrabynda aşakdaky salgy boýunça geçiriler: Sakarçäge ş., General Baýnazarow köç., jaý 104 «А».

Noýabr aýynyň 18-ne sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda bu çäre Mary welaýatynyň iki etrabynda geçiriler – Murgap etrabynda şu salgy boýunça: Murgap ş., Azady köç., jaý 48; we Baýramaly şäherinde şu salgy boýunça: Nurana köç., jaý 7.

Soňky ýarmarka Lebap welaýatynda 22-nji Noýabrda sagat 11:00-dan 13:00 aralykda aşakdaky salgy boýunça geçiriler: Dänew etraby, Parahat obasy, M.Saburow köç., jaý 11.

Işe ýerleşmäge isleg bildirýänler öz ýanlarynda şahsyýeti tassyklaýan resminamalary, bilim baradaky resminamasy we zähmet depderçesi (eger bar bolsa) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

– (800135) 4-86-19 (Ahal welaýaty).
– (800566) 5-34-30 (Mary welaýatynyň, Sakarçäge etraby)
– (800565) 4-52-51 we (800565) 4-51-96 (Mary welaýatynyň, Murgap etraby);
– (800564) 6-93-46 we (800564) 6-93-45 (Mary welaýatynyň, Baýramaly şäheri);
– (800446) 3-19-49 (Lebap welaýaty);

ORIENT news
Surat: redaksiýa arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026