Türkmenistan pandemiýadan soňky döwürde dünýä sport arenasyndaky işjeňligini artdyrýar


Dünýä sporty pandemiýa wagtynda uzak «gyşlamakdan» soň gaýtadan dikeldilýär. Içerki sport pudagy hem bir çetde durmaýar. Ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlarynda dürli derejeleri boýunça onlarça medallara mynasyp boldular.
Ozal Türkmenistanda halkara sport çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi bu ýurda aýratyn gyzyklanma döretdi. Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary, «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň we Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty bu ugurda görelde boldy. Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gazanylan üstünlik, Türkmenistanda sportuň diňe «asuda» pandemiýa döwründe mümkinçiliklerini artdyrmagy bilen tassyklandy.

Eýýäm şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin ýörite Guramaçylyk komitetini döredildi.
2022-nji ýyl Milli Olimpiýa komiteti üçin üstünlikli ýyl boldy: Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri 11 sany medalamynasyp boldular, şol ýerde türkmen türgenleriniň käbiri Aziýanyň wise-çempiony boldy; Russiýada geçirilen «Ýüpek ýoly 2022» ýörişine gatnaşmak hem türkmen topary üçin üstünlikli boldy. Türkmenistandan gelen türgenler Wladiwostok şäherinde geçirilen 7-nji halkara «Aziýanyň çagalary» sport oýunlarynda, şeýle hem Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen 5-nji Yslam raýdaşlygy oýunlarynda täsirli netijeleri görkezdiler we 23 sany medala mynasyp boldular.

Şeýle hem türkmen türgenleri Awstriýada geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň çempionatynda, Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen karate-do halkara ýaryşynda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilen şotokan karate dünýä çempionatynda we Russiýanyň paýtagtynda geçirilen Halkara sambo we söweş sambosy boýunça «Sambony esaslandyryjylaryňkubogy» we beýleki halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Türkmen sport toparlarynyň halkara ýaryşlarynda şeýle giňden gatnaşmagy, COVID-19 bilen baglanyşykly arakesmeden soň Türkmenistanyň dünýä sport arenasynda kem-kemden artýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurtda sport diplomatiýasy boýunça 70-den gowrak hökümetara we pudagara derejeli şertnamalar bar.

Türkmenistan ýurduň içinde halk köpçüliginiň arasynda sportuň ýaýbaňlanmagyna uly üns berýär: ýurtdaky mekdepleriň hemmesinde diýen ýaly sport bölümleri bar, esasan hem söweş sungatynda boýunça. Iň uly şäher söwda merkezlerinde ýörite fitnes sport zallary bar, olara aýlyk abuna ýazylmagyň nyrhy ortaça 200-den 500 manada çenlidir.
Fitnes klublary Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynda hem hereket edýärler; pasport, saglyk şahadatnamasy bilen fitnes klublaryna ýazylyp bilersiňiz, käbir ýagdaýlarda lukmanyň maslahaty hem gerek bolup biler.
Ýöriteleşdirilen sport toplumlary belli bir sporty özleşdirmek isleýän çagalary we uly adamlary hem kabul edýär, soňky döwürde olaryň has meşhur görnüşlerine tennis, basketbol, gimnastika, hokkeý, futbol, suwda ýüzmek we feýting degişlidir. Şeýle bölümleriň ortaça bahasy saýlanan sportuň görnüşine baglylykda aýda 200-den 800 manada çenli bolup biler. Olimpiýa şäheri, Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumy we beýleki köp sanly sport meýdançalary ilatyň şeýle görnüşlere bolan islegini doly kanagatlandyrýar.
Arslan MAMEDOW








