HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Turkish airlines» awiakompaniýasy howa gatnawlarynyň sanyny köpelder

Noýabr 08, 2022 | 17:45 |11356
«Turkish airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 2-nji dekabryndan başlap howa gatnawlarynyň ýygylygyny köpelder. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuşlary hepdede üç gezek – duşenbe, çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler. Bu barada «Atawatan Türkmenistan» neşiri awiakompaniýa salgylanyp, habar berýär.«Turkish airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 2-nji dekabryndan başlap howa gatnawlarynyň ýygylygyny köpelder. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuşlary hepdede üç gezek – duşenbe, çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler. Bu barada «Atawatan Türkmenistan» neşiri awiakompaniýa salgylanyp, habar berýär.
Çeşme:

«Turkish airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 2-nji dekabryndan başlap howa gatnawlarynyň ýygylygyny köpelder. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuşlary hepdede üç gezek – duşenbe, çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler. Bu barada «Atawatan Türkmenistan» neşiri awiakompaniýa salgylanyp, habar berýär.

Bu kompaniýanyň uçary Stambuldan sagat 11:00-da uçup, 15:55-de Türkmenbaşy şäherine gonar. Türkmenbaşydan uçuş 17:25-de amala aşyrylyp, onuň 18:50-de Stambulyň halkara howa menziline gelip gonmagy meýilleşdirilýär. Ähli şäherler üçin uçuş we gonuş wagtlary ýerli wagtda görkezilýär.

Mundan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýe Respublikasyna hepdede 4 gatnawy amala aşyrmagy dowam edýär – awiakompaniýanyň uçarlary ol ugur boýunça duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri uçýar. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hepdede 7 sany howa gatnawy amala aşyrylar.

ORIENT news
Surat: twitter.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026